Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: ýerasty geçelgeleriň şu günki “ykbaly”


Aşgabatdaky ýerasty geçelgelerden biriniň görnüşi.Aşgabat, iýul, 2012.
Aşgabatdaky ýerasty geçelgelerden biriniň görnüşi.Aşgabat, iýul, 2012.
Aşgabatda pyýadalar üçin gurulýan ýerasty geçelgeleriň sany gün-günden köpelýär. Häzirki wagt Türkmenbaşy şaýolunyň we öňki Hudaýberdiýew prospektiniň kesişýän ýerlerinde hem ýerasty geçelgesi gurulýar.

Bu ýerasty geçelgesiniň hem, paýtagtyň beýleki ýerasty geçelgeleriniň köpüsi ýaly, özboluşly dekorasiýalary bilen tapawutlanjakdygyna şübhe ýok.

Paýtagtyň ýerasty geçelgeleriniň köpüsiniň diwarlary biri-birinden tapawutlanýan dürli-dürli nagyşlar bilen bezelipdir. Olaryň gözelligi pyýadalaryň estetik duýgularyny kanagtlandyryp biljek.

Ýerasty geçelgeler juda çuňrak hem-de olaryň astyna düşelen plitalar gyşyna birneme typançak diýäýmeseň, olaryň başga kemçilikleri göze ilmeýär. Ýerasty geçelgelerde pyýadalar üçin ýörite amatlyklar hem bar. Magtymguly we Türkmenbaşy şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty geçelgede bolsa dürli assortimentli kommersiýa dükanlary-da ýerleşdirilipdir.

“Hajathanalara” öwrülip barýar

Şäheriň görküne görk berýän ýerasty geçelgeleriň paýtagtyň “hajathanalaryna” öwrülip barýandygyny Aşgabadyň ýaşaýjysy 46 ýaşly Oraz aýdýar. Orazyň aýtmagyna görä, ýakymsyz ys zerarly paýtagtyň ýerasty geçelgeleriniň köpüsiniň içinden geçer ýaly däl.

Abatlaýyş işleri geçirilýän ýerasty geçelgelerden biriniň görnüşi. Aşgabat, iýul, 2012.
Abatlaýyş işleri geçirilýän ýerasty geçelgelerden biriniň görnüşi. Aşgabat, iýul, 2012.
Oraz bu hakda şeýle gürrüň berýär: “Hatda paýtagtyň merkezinde ýerleşýän ýerasty geçelgelerinde hem örän erbet ys bar. Ýimpaş söwda merkeziniň ýanyndaky ýerasty geçelgede bolsa bu ýagdaýyň öňüni almak üçin ýörite garawul hem goýlupdyr. Ýöne, muňa garamazdan, şol ýerasty geçelgeden geçer ýaly däl. Munuň üstesine-de, ýerasty geçelgeleriň köpüsinde boş ýatan ‘baklaşka’ çüýşeleridir zyňlan kagyzlary görmek bolýar”.

Orazyň gürrüň berýän ýagdaýy Parahat mikroraýonyndaky, Ors bazaryň golaýyndaky we şäheriň beýleki ýerlerindäki ýerasty geçelgelerde hem ýüz berýär. Hatda “Oguz han” prezident köşgüniň golaýyndaky ýerasty geçelgede-de arassaçylyk bilen bagly problema bar.

Geçelgeler köp – ulanýanlar az

Elbetde, ýerasty geçelgeler pyýadalarda diňe bir estetiki duýgulary oýarman, eýsem olaryň gönüden-göni ýerine ýetirmeli funksiýalary hem bar. Emma ýerasty geçelgeleriň pyýadalara köçäni hiç hili päsgelçiliksiz kesip geçmäge mümkinçilik bermek funksiýasyndan peýdalanýan pyýadalar az.

Aşgabadyň diňe Magtymguly we Türkmenbaşy şaýolunyň kesişýän ýerindäki ýerasty geçelge dolulygyna ulanylýar diýäýmeseň, beýlekilerden pyýadalaryň geçýänini görmek seýrek ýagdaý.

Ýerasty geçelgeleriň köpüsiniň diwarlary dürli-dürli nagyşlar bilen bezelen. Aşgabat, iýul, 2012.
Ýerasty geçelgeleriň köpüsiniň diwarlary dürli-dürli nagyşlar bilen bezelen. Aşgabat, iýul, 2012.
Hatda Bitaraplyk şaýolunyň ugrundaky eskalator basgançakly ýerasty geçelgeden geçip barýan pyýadalary görmek hem örän seýrek duş gelýän ýagdaý. Bu ýagdaýyň diňe bir ýerasty geçelgelerden gelýän ýakymsyz ys bilen bagly däldigini Aşgabadyň ýaşaýjysy 46 ýaşly Oraz aýdýar.

Onuň pikiriçe, ýerasty geçelgeler çuň gazylypdyr: “Bu geçelgelerden aşak düşüp, köçäniň aňyrsyna geçeniňden, köçäni göni kesip geçeniň aňsat bolýar. Çuň gazylan geçelgeler amatly däl. Onsoňam, geçelgeleriň köpüsiniň asty typanjak plitalar bilen düşelensoň, ýagynly günler bu plitalardan ýöremek howply hem bolýar”.

Şäheriň köçelerinden ýöreýän pyýadalaryň ýerasty geçelgelerden peýdalanmaýandyklaryndan ýerli häkimiýetler hem habarly. Onsoň pyýadalary ýerasty geçelgelerden geçmäge mejbur etmek üçin, paýtagtyň käbir köçeleriniň ugrundaky ýerasty geçelgeleriň ýanlarynda polisiýa işgärleri hem goýulýar. Emma bu-da netije bermeýär.

Çözgüt nämede?

Aşgabatlylaryň käbirleriniň pikiriçe, gurulýan ýerasty geçelgeler çuň bolmasa hem-de olar pyýada gatnawyň köp bolýan ýerlerinde gurulsa, onda ýerasty geçelgelerden peýdalanjak pyýadalar köp bolar.

“Ylaýta-da, çagalar üçin ýerasty geçelgeler gerek. Ýerasty geçelgeler köçe hereketini bilmeýän çagalara köçeden geçmegiň iň howpsuz görnüşi” diýip, aşgabatly Oraz aýdýar.

Elbetde, eger ýerasty geçelgelerden doly peýdalanylmaýan bolsa, onda bu desgalar näme üçin gurulýar diýen tebigy sowal ýüze çykýar. Özi-de, bu desgalaryň bezeginden çen tutsaň, olaryň gurluşygy üçin az pul serişdeleri harçlanmandyr.

“Ýerasty geçelgeler geljekde dolulygyna ulanylaýmasa, häzir-ä bu geçelgeler pyýadalar üçin gerek däl. Onsoňam, Aşgabadyň ilaty hem o diýen köp däl. Ýerasty geçelgeler megapolisler üçin aktual” diýip, aşgabatly 46 ýaşly Oraz özara söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Aşgabatdaky ýerasty geçelgeleriň sany köpelýär. Olaryň takyk sanyny aýtmak mümkin däl. Paýtagtyň käbir köçeleriniň her bir çatrygynda diýen ýaly ýerasty geçelge bar. Emma olardan geçýän pyýadalaryň sany welin artyberenok.
XS
SM
MD
LG