Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Un-çöregiň bahasy derwaýys meselä öwrüldi


Aşgabadyň azyk dükanlarynyň birinde çöregiň täze bahasyny görkezýän ýazgy. Aşgabat, 12-nji iýul, 2012.
Aşgabadyň azyk dükanlarynyň birinde çöregiň täze bahasyny görkezýän ýazgy. Aşgabat, 12-nji iýul, 2012.
Türkmenistanda täze bugdaý hasylynyň ýygnalyp, ammarlara tabşyrylýan hem-de gallaçylara öňki şertnama esasynda tabşyran hasyllary üçin töleg edilýän döwri, 6-njy iýuldan başlap unuň we çörek önümleriniň bahasy ur-tut ýokarlandy.

Edil şol gün hem preziden G.Berdimuhamedow galla hasyly boýunça planlaryny ýerine ýetirmändikleri üçin ýurduň etrap häkimleriniň 13-sini wezipesinden boşatdy.

Mundan daşary, “wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmänlikde” aýyplanyp, ýurduň oba hojalyk ministri M.Baýramow bilen “Türkmengallaönümleri” Assosiasiýasynyň başlygy Ý.Aşyrow dygalar-da wezipelerinden çetleşdirildi.

Eýsem, unuň we çörek önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagy ilatyň gündelik durmuşyna neneňsi täsir ýetirýär? Bu gymmatlamanyň nähili sebäpleriniň bolmagy mümkin? Un-çörek bilen bagly emele gelen ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin döwlet derejesinde nähili çäreler geçirilmeli? Azatlyk Radiosynyň bu gezekki Tegelek Stol gepleşiginde şu meseleler barada gürrüň edilýar.

Şu temadan geçirilen “Tegelek Stol” gepleşigini diňlemek üçin, şu ýere basyň:
please wait

No media source currently available

0:00 0:23:59 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG