Sepleriň elýeterliligi

Dagystanda geçirilen operasiýada ýedi söweşiji öldürildi


Anna güni giçlik Orsýetiň Dagystan respublikasynyň resmileri respublikanyň Utamyş atly bir obasynyň golaýynda geçirilen ýörite operasiýada ýedi sany ýaragly söweşijiniň öldürilendigini mälim etdiler.

Maglumatda bu öldürilenlerden ikisiniň meýdan komandirleridigi aýdylýar. Dagystanyň resmileriniň maglumatyna görä, bu operasiýada Içeri işler ministrliginiň bir ofiseri ölüp, iki sany polisiýa işgäri-de ýaralanypdyr.

Bu wakanyň fonunda anna güni giçlik Orsýetiň Kabardino-Balkariýa respublikasynda geçirilen başga-da bir operasiýada bir ýaragly söweşijiniň öldürilendigi habar berildi.
XS
SM
MD
LG