Sepleriň elýeterliligi

Madridde protestçiler polisiýa güýçleri bilen çaknyşdylar


Anna güni giçlik Ispaniýanyň paýtagty Madridde býujet çäklendirmelerine garşy demonstrasiýa geçiren protestçiler polisiýa güýçleri bilen çaknyşdylar.

Demonstrasiýaçylar Madrid şäherinde ýurduň dolandyryjy Halk partiýasynyň baş edarasynyň öňünde ýygnanyp, ýurduň parlament binasyna tarap ýöriş geçirdiler.

Polisiýa işgärleri protestçileri dargytmak üçin dubinkalary we rezin ok atýan ýaraglary-da ulandylar.

Iki gün mundan ozal Ispaniýanyň premýer-ministri Mariano Rajoýyň ýurduň býujet çykdajylaryny azaltmak barada yglan eden täze planlary adaty raýatlaryň nägilelikleriniň güýçlenmegine getirdi.
XS
SM
MD
LG