Sepleriň elýeterliligi

Hillari Klinton Müsüriň täze prezidenti bilen gepleşik geçirer


Şenbe güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Müsüriň täze saýlanan prezidenti Muhammad Mürsi bilen gepleşik geçirmek üçin Kaire barýar.

Munuň özi Müsüriň “Musulman Doganlygy” partiýasynyň wekiliniň ABŞ-nyň ýokary derejeli resmisi bilen geçirýän ilkinji resmi duşuşygy hökmünde hem alamatlanar.

Kairde geçiriljek bu gepleşiklerde Hillari Klinton käbir beýleki meseleler bilen birlikde, Müsüriň 1979-njy ýylda Ysraýyl bilen baglaşan parahatçylyk baradaky şertnamasynyň-da öz güýjunde galjakdygyna kepil almaga hem synanyşar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG