Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystan: toý dabarasyndaky partlamada azyndan 17 adam öldi


Şenbe güni Owganystanyň resmileri ýurduň Samangan welaýatynyň Aýbak şäherinde toý dabarasy wagtynda amala aşyrylan partlamada azyndan 17 adamyň, şol sanda ýerli parlament deputatynyň-da ölendigini habar berdiler.

Bu partlama özbek milletinden bolan parlament deputaty Ahmad Khan Samanganiniň gyzynyň durmuşa çykmagy bilen bagly gurnalan toý dabarasynda amala aşyrylypdyr.

Ýerli polisiýanyň maglumatyna görä, bu partlamada parlament deputaty Ahmad Khan Samangani bilen birlikde, bu welaýatyň howpsuzlyk gullugynyň başlygy Khan Mohammad we regionyň harby komanduýuşisi hem ölüpdir.

Ýaralananlaryň arasynda regionyň polisiýa edarasynyň komanduýuşisi Saýd Ahmad Samehiň we Sari Pul welaýatynyň ozalky häkimi Saýd Ekbal Munibiň hem bardygy habar berilýär.

Owganystandaky talyban toparlary bu hüjüme özleriniň dahylly däldiklerini yglan etdiler.
XS
SM
MD
LG