Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň synçylary Siriýadaky uly ýitgi çekilen ýere bardylar


Anna güni giçlik BMG-niň synçylary Siriýanyň Tremşeh obasynyň golaýynda, uly gyrgynçylygyň bolan ýerine golaý ýerde barlag işlerini geçirdiler.

Ýerli ýaşaýjylar hepdäniň penşenbe güni şol obanyň töwereklerinde amala aşyrylan hüjümlerde 200 töweregi parahat ýaşaýjynyň öldürilendigini aýdýarlar.

Bu wakanyň bolan ýerinde alnan suratlarda we wideo ýazgylarda harby tanklaryň zynjyrlarynyň yzlaryny görmek bolýar.

Siriýaly aktiwistler hökümet güýçleriniň tanklar we artilleriýa ýaraglary arkaly parahat ýaşaýjylara garşy hüjüm edendiklerini aýdýarlar. Siriýanyň hökümeti bolsa bu gyrgynçylygyň ýaragly “terror toparlary” tarapyndan amala aşyrylandygyny öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG