Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: özbek asylly deputatyň janyna kast edildi


Özbek milletinden bolan parlament deputaty Ahmad Khan Samanganiniň parlamentde çykyş eden pursatlaryndan biri. Kabul, 2012.
Özbek milletinden bolan parlament deputaty Ahmad Khan Samanganiniň parlamentde çykyş eden pursatlaryndan biri. Kabul, 2012.
Şenbe güni Owganystanyň resmileri ýurduň Samangan welaýatynyň paýtagty Aýbak şäherinde toý dabarasy wagtynda amala aşyrylan partlamada azyndan 17 adamyň, şol sanda ýerli parlament deputatynyň-da ölendigini habar berdiler.

Bu partlama özbek milletinden bolan parlament deputaty Ahmad Khan Samanganiniň gyzynyň durmuşa çykmagy bilen bagly gurnalan toý dabarasynda janyndan geçen bir hüjümçi tarapyndan amala aşyrylypdyr.

Demirgazyk Owganystan boýunça polisiýanyň metbugat sekretary Lal Mohammad Ahmadziýanyň aýtmagyna görä, bu partlamada parlament deputaty Ahmad Khan Samangani bilen birlikde, welaýatyň howpsuzlyk gullugynyň başlygy Khan Mohammad we regionyň harby komanduýuşisi hem ölüpdir.

Ýaralananlaryň arasynda regionyň polisiýa edarasynyň komanduýuşisi Saýd Ahmad Samehiň we Sari Pul welaýatynyň ozalky häkimi Saýd Ekbal Munibiň hem bardygy habar berilýär.

“Milli bitewülige garşy hüjüm”

Talyban toparlary bu hüjüme özleriniň dahylly däldiklerini yglan etdiler we bu işiň deputat Ahmad Khan Samanganiniň öz şahsy duşmanlarynyň gurnan işi bolmagynyň mümkindigini öňe sürdüler.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bu hüjümde bigünä parahat ýaşaýjylaryň we deputat Samanganiniň nyşana alynmagyny milli bitewülik ugrundaky tagallalara garşy edilen hüjüm diýip häsiýetlendirdi.

Prezident Karzaý bu bolan wakany derňemek üçin ýurduň baş prokurorynyň orunbasary Rahmatullah Nazariniň ýolbaşçylygynda ýörite delegasiýany bu wakanyň bolan ýerine ýollady.

Hamid Karzaý bu partlamada ejir çekenleriň maşgalalaryna jaň edip, olara öz gynanjyny we ýürekdeşligini bildirdi.

Demirgazykda täsirli şahsyýetdi

Özbek milletinden bolan parlament deputaty Ahmad Khan Samangani Demirgazyk Owganystanda prezident Karzaýy ýakyndan goldap gelen syýasatçylardan biri hasaplanylýar.

Şol bir wagtyň özünde-de, onuň täsirli etniki özbek syýasatçysy we fraksiýa lideri general Abdul Raşid Dostumyň syýasy garşydaşydygy-da aýdylýar.

Talyban toparlarynyň sözçüsi Zabihullah Mujahed parlament deputaty Ahmad Khan Samanganiniň Demirgazyk Owganystanda täsirli şahsyýet hasaplanylýandygyny we hiç bir şübhesiz ýagdaýda onuň duşmanlarynyň-da bardygyny aýtdy.

Emma, bu ýagdaýlara garamazdan, Samangan welaýatynyň polisiýa edarasynyň başlygy Mohammad Halil Andarabi Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu hüjümiň amala aşyrylmagynda Al-Kaýda bilen baglanyşygy bolan terrorçylaryň güman edilýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG