Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton Müsüriň täze liderine öz goldawyny mälim etdi


Hillari Klinton: “Demokratiýa kyn zat. Biz bu demokratik sistemada 236 ýyldan gowrak wagt bäri ýaşap geldik. Bu sistema özara dialoglary we özara düşünişmekligi we hakyky syýasaty talap edýär".
Hillari Klinton: “Demokratiýa kyn zat. Biz bu demokratik sistemada 236 ýyldan gowrak wagt bäri ýaşap geldik. Bu sistema özara dialoglary we özara düşünişmekligi we hakyky syýasaty talap edýär".
Şenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Müsüriň täze saýlanan prezidenti Muhammad Mürsi bilen duşuşygyndan soň eden çykyşynda ABŞ-nyň Müsürdäki demokratik geçiş prosesini goldaýandygyny nygtady.

Ol Muhammad Mürsiniň müsürlileriň ähli gatlagynyň prezidenti boljakdygy hem-de aýal-gyzlaryň we dürli azlykdaky toparlaryň hukuklaryny gorajakdygy barada beren wadasyna ýokary baha berýändigini aýtdy.

“Prezident we men Müsüriň demokratik geçiş prosesini ilerletmegiň möhümligi barada gürrüň etdik. Men onuň müsürlileriň ählisiniň prezidenti bolmak we olaryň hemmesiniň hukuklaryny goramak barada beren wadasyna ýokary baha berdim” diýip, Hillari Klinton eden çykyşynda belledi.

Mundan daşary, hanym Klinton Müsüriň harbylarynyň ilatyň howpsuzlygyny goramak babatda alyp barýan işlerine-de ýokary baha berdi. Beýleki tarapdan bolsa, ol Siriýada “harby güýçler öz halkyny gyrýar” diýip, Siriýadaky ýagdaýlary berk ýazgardy.

Kairde eden bu çykyşynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary prezident Mürsini Hosni Mübäregiň häkimiýetden çetleşdirleli bäri ýurda ýolbaşçylyk edip gelýän harby geňeşiň wekilleri bilen syýasy dialoglara başlamaklyga-da çagyrdy.

“Demokratiýa kyn zat. Biz bu demokratik sistemada 236 ýyldan gowrak wagt bäri ýaşap geldik. Bu sistema özara dialoglary we özara düşünişmekligi we hakyky syýasaty talap edýär. Sizdäki ýagdaýlar bizi ruhlandyrýar we biziň size goldaw bermek niýetimiz bar. Ýöne bu meseleleri Birleşen Ştatlar däl-de, Müsüriň öz halky çözmeli” diýip, Klinton öz çykyşynda nygtady.

Geçen hepde prezident Muhammad Mürsi ýurduň Ýokary Konstitusion sudy tarapyndan dargadylan parlamentiň işini gaýtadan dikeltmek barada perman çykarmak arkaly, ýurduň sud sistemasy bilen belli bir gapma-garşylyga girdi.

Hillari Klinton bu meseleleri kän gozgap durman, Müsüriň söwda pudagyny ösdürmek maksady bilen Waşingtonyň bu ýurda 250 million dollar karz pul berjekdigini we 60 million dollarlyk inwestisiýa fonduny döretjekdigini aýtdy.

Özünin iki günlük saparynyň barşynda Hillari Klinton ýekşenbe güni harbylaryň Ýokary Geňeşiniň başlygy, marşal Husseýn Tantawi bilen-de duşuşyp, özara gepleşik geçirdi.
XS
SM
MD
LG