Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýanyň günortasynda sil heläkçilikleri dowam edýär


Ýaponiýanyň günorta-günbatar regionynda birnäçe gün bäri dowam edýän sil heläkçiliginiň barşynda halas ediş toparlary dereksiz ýiten adamlary gözlemeklerini dowam etdirýärler.

Rekord derejäni görkezýän ýagyn Ýaponiýanyň günorta-günbatar regionynda ýüz müňlerçe adamyň ýaşaýyş jaýyna we ekin meýdanlaryna uly zyýan ýetirdi. Köp adamlar henizem ewakusiýa merkezlerinde bolmaklarynda galýarlar.

Şenbe güni ýurduň häkimiýetleri bu regionda dowam edýän ýagyn sebäpli dörän sil howpy bilen baglanyşykly regiondan 250 müň töweregi adamyň ewakuasiýa edilmegine görkezme berdi.

Ýurduň günortasyndaky Kýuşu adasynda dörän sil heläkçiliginde azyndan 22 adamyň ölendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG