Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň Krymsk şäherine 9 milliard rubl ýardam berler


Ýekşenbe güni Orsýetiň Krasnodar oblastynyň gubernatory ýakynda sil heläkçiliginden ejir çeken bu oblastyň Krymsk şäherindäki dikeldiş işleri üçin federal we ýerli býujetden 9 milliard rubl, ýagny 275 million dollar töweregi serişde goýberilendigini aýtdy.

Gubernator Aleksandr Tkaçew bu serişdäniň esasan şäheriň sosial hyzmatlaryny we ýaşaýyş jaý infrastrukturasyny gaýtadan dikeltmek üçin ulanyljakdygyny belledi.

Onuň aýtmagyna görä, silden ejir çeken Krymsk şäherinde täze mekdebi we keselhana binasyny öz içine alýan ýaşaýyş raýony-da gurlar. Geçen hepde Krasnodar oblastynda ýüz beren sil heläkçiliginde 172 adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG