Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: ýokary bilim boýunça ministr hüjümde aman galdy


Ýekşenbe güni Owganystanda ýoluň ugrunda mina goýmak arkaly amala aşyrylan hüjümde ýurduň ýokary bilim boýunça ministri Obaýdullah Obaýd aman galdy.

Bu waka ministr Obaýdullah Obaýdyň Baglan welaýatyndan Gunduz welaýatyna barýan wagty ýüz berdi. Wakada ministr bilen bile barýan ulag kerwenindäki maşynlaryň biri ýoluň ugrunda goýlan minany basyp, partlandy. Partlamada iki sany polisiýa işgäri ýaralandy.

Bu wakanyň öňýany, şenbe güni Owganystanyň Samangan welaýatynda toý dabarasy wagtynda amala aşyrylan partlamada özbek milletinden bolan parlament deputaty Ahmad Khan Samangani wakanyň pidasy boldy.

Janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran şol partlamasynda ölen 20-den gowrak adamyň arasynda ýokary derejeli polisiýa we harby ofiserler-de bar.
XS
SM
MD
LG