Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton ABŞ-nyň Müsürdäki prosesi goldaýandygyny aýdýar


Şenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Müsüriň täze saýlanan prezidenti Muhammad Mürsi bilen duşuşygyndan soň eden çykyşynda Birleşen Ştatlaryň Müsürdäki demokratik geçiş prosesini goldaýandygyny nygtady.

Ol Muhammad Mürsiniň müsürlileriň ähli gatlagynyň prezidenti boljakdygy hem-de aýal-gyzlaryň we dürli azlykdaky toparlaryň hukuklaryny gorajakdygy barada beren wadasyna ýokary baha berýändigini aýtdy.

Mundan daşary, hanym Klinton Müsüriň harbylarynyň ilatyň howpsuzlygyny goramak babatda alyp barýan işlerine-de ýokary baha berdi.

Beýleki tarapdan bolsa, ol Siriýada “harby güýçler öz halkyny gyrýar” diýip, Siriýadaky ýagdaýlary berk ýazgardy.

Özüniň iki günlük saparynyň barşynda Hillari Klinton ýekşenbe güni harbylaryň Ýokary Geňeşiniň başlygy, marşal Husseýn Tantawi bilen-de duşuşyp, özara gepleşik geçirdi.
XS
SM
MD
LG