Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: milli Galla baýramy bellenilip geçilýär


Ýekşenbe güni Türkmenistanda milli Galla baýramy bellenilip geçilýär. Bu waka bagyşlanyp şenbe güni Aşgabatdaky “Ak bugdaý” muzeýinde ýurduň spesialistleriniň we resmileriniň gatnaşmagynda gallaçylyk meselesine bagyşlanyp, ýörite iki günlük konferensiýa açyldy.

Ýekşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň gallaçylaryny we ähli raýatlaryny bu baýramçylyk bilen gutlap, olara gutlag ýüzlenmesi bilen ýüzlendi.

Ol öz ýüzlenmesinde ýurduň gallaçylarynyň bu ýyl “gowy galla hasylyny ýetişdirendiklerini” aýdýar.

Emma bu baýramçylygyň öňýany Türkmenistanyň resmi mediasy şu günki güne çenli ýurt boýunça 1 million 200 müň tonna galla hasylynyň döwlet harmanyna tabşyrylandygyny habar berdi. Munuň özi bellenilen döwlet planyndan 400 müň tonna azdyr.

Soňky günler ýurtda unuň we çörek önümleriniň bahasynyň ep-esli ýokarlanandygy-da habar berilýär.
XS
SM
MD
LG