Sepleriň elýeterliligi

Tomsuň poeziýa ylhamy barada söhbet


Şiraly: "Ýeke-täk umyt – o golýazmalar demigip öläýmän, nesibeli bir zaman, Akpamygyň doganlary ýaly, asgyryşyp-üsgürişip, çekerden çykaýady-da".

Şiraly: "Ýeke-täk umyt – o golýazmalar demigip öläýmän, nesibeli bir zaman, Akpamygyň doganlary ýaly, asgyryşyp-üsgürişip, çekerden çykaýady-da".

Görnükli rus şahyry Boris Pasternak “Tebigatda ýaramaz howa ýok” diýipdir. Şahyryň belleýşi ýaly, tebigatyň her paslynyň, her möwsüminiň gaýtalanmajak gözelligi hem aýratyn şatlygy bolýar.

Häzirki tomus paslynda Günbatar ýurtlarda dürli sport çäreleri we medeni baýramçylyklar geçirilýär. Olaryň arasynda poeziýa baýramlary hem çeper okaýyşlar aýratyn meşhur baýramlaryň biri.

Golaýda Gollandiýanyň deňiz ýakasyndaky uly port şäheri bolan Rotterdamda “Rotterdam halkara poeziýa baýramçylygy” boldy. 29-njy iýundan 8-nji iýul aralygynda Britaniýada Ledbury poeziýa festiwaly-da geçirildi. Ol öz çäreleriniň giňligi boýunça dünýädäki iň uly poeziýa baýramçylygy hasaplanylýar. Ýakyn wagtda San-Fransiskoda hem halkara poeziýa baýramçylygy bolar.

Azatlyk Radiosy Günbatardaky şol poeziýa baýramlarynyň we festiwallaryň mysalynda türkmeniň öz milli poeziýasy hakynda halkara “Kurt Tuholsky” baýragynyň eýesi, Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat bilen gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Şiraly, häzir Günbatar döwletlerde dürli poeziýa baýramçylyklary geçirilýär. Häzirki maýyl tomus agşamlaryny gök gübürdileri bilen şahyrlaryň owazy bezeýär. Bu sizde nähili duýgyny döredýär?

Şiraly: Günbatar döwletlerde poeziýa baýramçylyklarynyň geçirilmegi, elbetde, gutlamaly, begenmeli ýagdaý. Ýöne biz ne bir günbatarda, ne-de gündogarda ýaşaýas-da.

Azatlyk Radiosy: Onda nirede ýaşaýarsyňys?

Şiraly: Biz günýaşar döwletde ýaşaýas.

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat.

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat.

Azatlyk Radiosy: Şahyr adam hökmünde siz nähili pikir edýärsiňiz, goşgy içki zerurlyk bilen döreýärmi ýa-da ylham bilen gelýärmi? Bularyň haýsy tebigy?

Şiraly: Mahal-mahal täze goşgynyň düzülmegini, kämähalam özüňe zor salyp eser ýazmazlygy men bir tebigy zat hasap edýän.

Bu sowalyn jogabyny men öňräk ýazan bir goşgymda-da beýan edipdim: “Mesligne çydaman goşgy ýazýan ýok” diýip. Içki zerurlyk bolmasa, şahyra ylham nireden gelsin?!

Azatlyk Radiosy: 90-njy ýyllaryň ortalarynda siz Moskwada ýaşan döwrüňizde rus dilinde goşgy ýazypdyňyz. Olar aýratyn kitap bolup çykypdy. Indi köp ýyldan bäri Şwesiýada ýaşap ýörsüňiz. Şwed dilinde goşgy peýda bolanokmy?

Şiraly: Keseki dilde goşgy ýazmak üçin o dili edil ene diliňi bilen ýaly bilmeli. Onam hiç haçan başarmajagymy boýun alýan.

Azatlyk Radiosy: Siziň eserleriňiziň şwed ýa-da rus dilindäki terjimeleriniň ýagdaýy nähili? Göwnümize bolmasa, siz soňky wagtlar öz eserleriňiziň beýleki dillere terjime edilmegine birneme sowuk-sala garaýan ýaly?

Şiraly: O siziň göwnüňize däl, ol hakykatdanam şeýle. Bärde türkmen dilini bilýän şwed şahyry ýa terjimeçisi ýok. Onsoň goşgularyňy olara rus dilinde hödürlemeli. Rusçadan şwed diline geçirilen eseriňi soň yzyna terjime edip görýäň welin, ýeser bolsaň tana-da öz ýazan zadyňy!

Azatlyk Radiosy: Ýeri gelende ýene bir sowal. Siziň proza eserleriňiziň ýagdaýy nähili? Olar ilerleýärmi?

Şiraly: Soňky bäş-alty ýylda ýazan prozamdan, öwnüp aýtdygym däl, özüm-ä razy. Bir roman, alty-ýedi powest, azyndan kyrka golaý hekaýa. Ýene, Hudaýa şükür, şol ugurdan yzygiderli işläp otyryn.

Azatlyk Radiosy: Edebiýatçylaryň dili bilen aýdanyňda, siz stol üçin ýazýan bolup çykýaňyz, ýagny, ýazanyňyzy stoluň çekerine atýaňyz. Eýsem, stol üçin ýazmak güzaply dälmi?

Şiraly: Ýazan eseriňi iliňe ýetirip bilmän, stoluň çekerine atyp oturmakdan güzaply näme bolup biler?! Ýeke-täk umyt – o golýazmalar demigip öläýmän, nesibeli bir zaman, Akpamygyň doganlary ýaly, asgyryşyp-üsgürişip, çekerden çykaýady-da.

Azatlyk Radiosy: Siz öz diňleýjiňiziň ýa-da okyjyňyzyň isleg-arzuwlaryny duýýaňyzmy?

Şiraly: Eger diňleýjiniň ýa okyjynyň isleg-arzuwyny duýmasaň, galamyňy orta bilinden döwäge-de, bir gyra taşlap, özüňe başga kär gözläbermeli. Bu ýaşdan soňam näme kär gözlejek, näme tapjak? Bolanjasyny bir ýitirmän saklap bolsa – gep, ana, şonda.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG