Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda welaýat saýlawlarynda dalaşgärleri hasaba almak başlandy


Ýekşenbe güni okrug saýlaw toparlary 19-njy awgustda welaýatlarda geçiriljek saýlawlara dalaşgärleri hasaba almaga başladylar.

Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, Geňeş agzalygyna we iki saýlaw okrugy, ýagny Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 26-njy hem-de Mary şäheriniň 99-njy saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleri hödürlemek 2012-nji ýylyň 5-nji iýulynda başlady diýip, TDH gullugy ýazýar.

Maglumata görä, geňeşleriň agzalaryna we agzalan iki saýlaw okrugy boýunça boşan orunlara Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär.

Bu orunlaryň näme sebäpden boşandygy barada maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG