Sepleriň elýeterliligi

Damaskdaky güýçli söweşleriň fonunda Annan Moskwada Lawrow bilen duşuşýar


Siriýanyň paýtagty Damaskda hökümet güýçleri bilen pitneçileriň arasynda duşenbe güni güýçli söweşiň bolandygy habar berilýär. Bu çaknyşygyň bir ýarym ýyl mundan ozal prezident Başar al-Assadyň režimine garşy gozgalaň başlany bäri iň agyr söweşdigi aýdylýar.

Siriýanyň paýtagtynyň birnäçe kwartalynda hökümet güýçleri bilen oppozisiýadaky Azat Siriýanyň goşunynyň arasynda minometlaryň ulanylmagynda atyşyklaryň bolandygy habar berilýär.

Damaskyň aktiwistleriniň aýtmaklaryna görä, Siriýanyň goşuny aeroporta gidýan ýoly bekläpdir we şäheriň günortasynda pitneçileri gabamaga synanyşypdyr.

Siriýa meselsi boýunça BMG-niň wekili Kofi Annan Moskwa iki günlük sapar edýär. Ol Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Siriýadaky dawanyň soňuna çykmak ýollaryny maslahat eder.

Geçen ýekşenbe güni Gyzyl Haç guramasynyň Halkara komiteti Siriýadaky konflikti graždan urşy diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG