Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda hususy eýeçilikdäki et dükanlary ýapylýar


Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde hususy eýeçilikdäki et dükanlary ýapylýar.

Lebap welaýatynda et söwdasyny edýän hususy dükanlaryň 10-njy iýuldan başlap ýapylýandygy habar berilýär. Welaýat merkeziniň bazarlaryndaky işläp duran et dükanlarynyň sanynyň azalandygy aýdylýar.

Et satylýan hususy dükanlaryň Mary welaýatynda hem azalýandygyny welaýatyň ýaşaýjylary aýdýarlar.

Aşgabadyň "Gülüstan" bazarynda hem hususy et dükanlarynyň ýapylýandygy habar berilýär. Ýerli habarçylaryň aýtmaklaryna görä, hususy dükanlarda et satmak gadagan edilipdir. Bu barada resmi maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG