Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýandaky sil heläkçiliginde 26 adam öldi


Resmileriň aýtmaklaryna görä, Ýaponiýanyň Kýuşu adasynda sil suwundan heläk bolanlaryň sany 26-a ýetipdir. At-dereksiz ýitenleriň sanynyň altydygy aýdylýar.

Daglyk raýonlarda ýer süýşmesi we agaçlaryň ýykylmagy zerarly müňlerçe adam üzňelikde galýar.

Ýurduň harby güýçleri bu regionlara wertolýotlar arkaly azyk önümlerini ýaýradýarlar.

Ýaponiýanyň Meteorologiýa gullugy iň güýçli ýagdaýyň sowulyp, indi käbir raýonlarda duşenbe gününiň dowamynda ýene-de ýagyşyň ýagjakdygy we tupanyň turjakdygy barada duýduryş berýär.
XS
SM
MD
LG