Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat we etegi tokdan kösenýär


2010-njy ýylyň fewral aýynda Fransiýanyň “Şnaýder elektrik” kompaniýasy 600 müň ilatly diýlip hasaplanýan paýtagt Aşgabadyň elektrik infrastrukturasyny täzelemek barada türkmen hökümeti bilen şertnama baglaşypdy.
2010-njy ýylyň fewral aýynda Fransiýanyň “Şnaýder elektrik” kompaniýasy 600 müň ilatly diýlip hasaplanýan paýtagt Aşgabadyň elektrik infrastrukturasyny täzelemek barada türkmen hökümeti bilen şertnama baglaşypdy.
Eýýäm birnäçe ýyl bäri tomus aýlary ilatyň elektrik togy bilen üpjünçiligindäki bökdençlikler adaty bir ýagdaýa öwrüldi.

Aşgabadyň käbir raýonlarynda, paýtagtyň golaýyndaky Garadamak, Şor obalarynyň ilaty elektrik togunyň güýjüniň pesliginden kösenýär. Howanyň temperaturasy 40 gradusdan geçýän mahaly sowadyjylar kadaly işlemeýär. Netijede olarda saklanýan iýmitler zaýalanýar. Yssy howada elektrik togunyň güýjüniň pesligi zerarly kondisionerler hem kadaly işläp bilmeýär.

“Gyzgyn jaýlarda oturar ýaly däl. Çagalar we garrylar bu ýagdaýdan has-da erbet kösenýärler. Kondisioneri işletmek beýle-de dursun, hatda lampalar hem körek ýanýar” diýip, Aşgabadyň Hitrowka raýonynyň ýaşaýjysy Begenç aýdýar.

Begenjiň aýtmagyna görä, elektrik togunyň öçýän mahaly hem seýrek däl.

“Käwagt 3-4 sagat tok öçýän bolsa, käwagt bütin gün diýen ýaly toksuz oturýarys. Tok edarasynyň işgärleri biziň raýonymyzda tok öçse, näsazlyklary örän giç düzedýärler. Şol edara jaň edeniň bilen olar çalt gelmeýär. Köplenç halatda häkimligiň nobatçysyna jaň edilensoň gelýärler” diýip, Begenç Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Elektrik togunyň ulgamynda elektrigiň güýjüniň oýnap durmagy sebäpli elektrik enjamlaryň ýanýan halatlary hem az däl. Emma bu hili ýagdaýda kompensasiýa tölenmeýär.

Abadan şäherindäki GRES-iň golaýynda ýerleşýän Akdaşaýak obasy
Abadan şäherindäki GRES-iň golaýynda ýerleşýän Akdaşaýak obasy
Aşgabat şäheriniň ilaty elektrik togy bilen üpjünçiligindäki bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýan bolsalar, paýtagtyň golaýyndaky obalaryň ilaty bolsa soňky bir hepde bäri günüň belli-belli wagtynda asla elektrik toksuz galýarlar.

“Gypjak obasyndan tä Gökdepä çenli aralykda ýerleşýän obalarda irden sagat 10-dan soň tä gije sagat 11-e çenli köplenç elektrik togy ýok” diýip, Akdaşaýak obasynyň ýaşaýjysy, 46 ýaşly Kakamyrat aýdýar. “Elektrik togy gelen halatynda hem onuň güýji örän pes. Rozetkadaky toguň güýji 100-180 wolta ýetse, razy bolaýmaly”.

Paýtagtyň käbir raýonlarynda we onuň töweregindäki obalarda elektrik setinde toguň güýjüniň pesligini tomus aýlary kondisionerleriň köp ulanylmagy bilen düşündirilýär. Emma Abadan şäherindäki GRES-iň golaýynda ýerleşýän Akdaşaýak, Garadaşaýak obalarynyň, Abadan şäheriniň elektrik toksuz galmagynyň sebäbini anyklamak mümkin bolmady. Munuň sebäbini ýerli ýaşaýjylar hem anyk bilmeýärler.

“Tok edarasyna jaň edeniň biderek. Olar “işler alnyp barylýar” diýip, trubkany oklaýarlar. Nähili işlerdigi hem-de haçana çenli dowam etjekdigi barada habar bermeýärler. Diňe “näçe wagt gerek bolsa, şonça-da dowam eder” diýip jogap berýärler. Adamlary äsgermeýärler” diýip, Kakamyrat aýdýar.

Abadan şäherindäki GRES
Abadan şäherindäki GRES
Elektrik toksuz galan obalardaky ilat elektrik enjamlardan doly peýdalanyp bilmeýärler. Yssy howada jaýlary sowadýan kondisionerler işlänok, sowadyjydaky iýmitler zaýalanýar. Paýtagtyň golaýyndaky toksuz galan obalaryň ilaty gijesine batareýada işleýän fonarlary ulanmaga mejbur bolýarlar. Elektrik togy bilen üpjünçilikdäki bökdençlikler şol obalardaky kommersiýa dükanlarynyň işine hem zeper ýetirýär.

“Meniň satýan 400 manatlyk buz gaýmagym eredi. Tomsuna sowuklygyna içilýän suwlary satyp bilemok. Sowadyjylar işlänok. Dükandaky konditer önümleri hem zaýalanýar” diýip, Garadaşaýak obasynyň kommersiýa dükanynyň satyjysy Aman nägileligini bildirdi. “Kondisioner işläp duran bolsa, beýle bolmaly däl. Eýýäm birnäçe ýyl bäri kadaly elektrik togy ýok. Şu ýyl bolsa has-da beterleşdi. Elektrik togy norma boýunça goýberilýän-e meňzeýär”.

2010-njy ýylyň fewral aýynda Fransiýanyň “Şnaýder elektrik” kompaniýasy 600 müň ilatly diýlip hasaplanýan paýtagt Aşgabadyň elektrik infrastrukturasyny täzelemek barada türkmen hökümeti bilen şertnama baglaşypdy. Bu proýekt 2017-nji ýyla çenli tamamlanmaly edildi. Elektrik togy bilen üpjünçilikdäki häzirki bökdençlikleri şu proýektiň işinden görýänler hem ýok däl. Emma bu barada ilata maglumat berlenok, her kim çaklama bilen ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG