Sepleriň elýeterliligi

Žanözende tussag edilenleriň garyndaşlary premýer-ministriň garşysyna çykdylar


Gazagystanyň Žanözen şäheriniň onlarça ýaşaýjysy ýurduň premýer-ministri Karim Masimowyň şähere sapary wagtynda protest gurnadylar.

Masimowyň şäher administrasiýasynyň binasyna girjek wagtynda elleri şygarly protestçiler premýer-ministriň garşysyna çykdylar.

Demonstrasiýa çykanlaryň aglabasynyň geçen aýda 4 ýyldan 7 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilen protestçileriň garyndaşlarydygy aýdylýar. Bu protestçiler geçen ýylda Žanözen şäherinde uzak wagtlap iş taşlaýyş yglan eden nebitçileriň aýaga galmagyna itergi berenlikde aýyplanypdylar.

Geçen dekabr aýynda iş taşlaýyş bilen bagly dörän gozgalaňda polisiýa tarapyndan azyndan 16 adam atylyp öldürildi.

BMG-niň adam hukuklary boýunça ýokary komissary Nawy Pillaý geçen hepdede Žanözen şäherine bardy we dekabr aýynda ýüz beren ýagdaýy derňemekdäki şowsuz hereketleri üçin häkimiýetleri tankytlady.
XS
SM
MD
LG