Sepleriň elýeterliligi

Olimpiada oýunlaryna gatnaşyjylar Londona gelip başladylar


Londonyň Heathrow aeroportunda Olimpiada oýunlaryna gatnaşyjylar garşy alynýar, 16-njy iýul, 2012

Londonyň Heathrow aeroportunda Olimpiada oýunlaryna gatnaşyjylar garşy alynýar, 16-njy iýul, 2012

Iýulyň 27-ne başlanjak 2012-nji ýylyň tomusky Olimpiada oýunlaryna gatnaşýan müňlerçe sportsmen we resmi topar Londona gelip başlady.

Heathrow aeroportunyň howpsuzlyga gözegçilik edýän resmileri duşenbe güni 240 müňe golaý ýolagçyny barlagdan geçirmeli bolandyklaryny aýdýarlar. Bu sanyň ýylyň şu döwründäki adaty sandan 45 müň töweregi ýokarydygy aýdylýar.

12-nji awgusta çenli dowam etjek Olimpiada oýunlaryna gatnaşmak üçin 200 ýurtdan 16 müň töweregi sportsmen we resmi topar Londona gelmeli.

Heathrow aeroportunyň dolandyryjy menejeri Tom Willis uly möçberdäki topluma hyzmat etmek üçin 20 dürli dilde gepleýän goşmaça işgärleriň we meýletinleriň iş tertibiniň düzülendigini aýtdy.

“Ýerli ýaşaýjylaryň arasyndan ýörite Londonyň adyndan garşy aljak müň sany meýletin toplandy we olar bilen türgenleşik geçirildi. Birmeňzeş geýimdäki meýletinler “Londona hoş geldiňiz, oýunlarda üstünlik arzuw edýäris!” diýip, uçardan düşen her bir sportsmeni garşy alarlar” diýip, Willis nygtady.

Heathrow aeropurtuna ilkinji bolup gelenleriň arasynda ABŞ-nyň ýelkende ýüzmek boýunça komandalary bar. Londona gelip, soňra olar ýelkende ýüzmek boýunça ýaryşlaryň gurnalýan ýeri bolan Waýmouth portuna bararlar.

ABŞ-nyň ýelkende ýüzmek boýunça komandasynyň agzasy Stiw Brennan özüniň we komandasynyň ýurda gelenlerinde gowy garşylanandyklaryny aýtdy.

“Gaty gowy, London dogrudan hem taýýar we tolgundyryjy. Waýmouth bolsa ajaýyp port. Biz Waýmouth portunda boljakdygymyza begenýäris. Biz ol ýerde köp wagtlap bolup görüpdik, ol ýerde örän gowy bolar. Biz ýola düşmäge taýýar” diýip, Brennan belledi.

Howpsuzlyk baradaky aladalar

Sportsmenleriň gelip başlamagy bilen, Britaniýanyň resmileri oýunlaryň gidýän wagtynda howpsuzlyk meselesiniň talaba laýyk bolmazlygy baradaky aladalary aradan aýyrmaga çalyşýarlar.

Bu aladalar howpsuzlygy üpjün etmek üçin 440 million dollarlyk şertnamany baglaşan G4S kompaniýasynyň az sanly işgäri hakyna tutandygy bilen baglanyşdyrylýar.

Britaniýanyň hökümeti bu ýetmezçiligiň öwezini doldurmak üçin goşmaça 3,500 esgeri ulanjakdygyny aýdýar.

Duşenbe güni žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti Žak Rogge goşmaça esgerleriň ulanylmagy “howpsuzlyk meselesinde bizi rahatlandyrýar” diýip aýtdy.

Şeýle hem, Rogge duşenbe güni merkezi Tripoli şäherinde Liwiýanyň Milli olimpiýa komitetiniň prezidentiniň alyp gaçylmagy baradaky maglumat dogrusynda “çuňňur alada” bildirdi.

Nabil al-Alamyň alnyp gaçylmagy Liwiýanyň bäş sportsmeniniň Londona ugramazyndan birnäçe gün öň ýüz berdi.
XS
SM
MD
LG