Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton: ‘ABŞ Eýranyň ýadro ýaragyny edinmezligi üçin güýç gaýgyrmaz’


ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton Ierusalimde guralan metbugat ýygnagynda çykyp gürleýär.16-njy iýul, 2012.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton Ierusalimde guralan metbugat ýygnagynda çykyp gürleýär.16-njy iýul, 2012.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton Birleşen Ştatlar “Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almak üçin amerikan häkimiýetiniň ähli elementlerini ulanar” diýýär.

Ierusalimde uly resmiler bilen geçirilen gepleşiklerden soň çykyp gürlän Klinton her kesiň diplomatiki çözgüdi ileri tutýandygyny, Ysraýyl bilen Birleşen Ştatlaryň Eýran babatynda “bir sahypadadygyny” aýtdy:

“Şu günki konsultasiýalar aýratyn aktual boldy, sebäbi, 5+1 döwletleriniň has berk sanksiýalary girizmek baradaky gepleşikleri zerarly, biziň diplomatiýa we basyş esasyndaky iki ugurly syýasatymyz doly güýjüne girdi – diýip, Klinton sözüni dowam etdirdi. - Biz sanksiýalaryň ötýändigini bilýäris, Ysraýyl bilen Birleşen Ştatlar bu meselede bir pikirde. Onsoň biz basyşy berkitmek üçin ädip biljek anyk ädimlerimiz hakynda gürrüň etdik.”

'Eýran strategiki karara gelmeli'

Klinton Eýranyň dünýä döwletleriniň 5+1 atlandyrylan gepleşiklerinde eden teklipleriniň, öz sözleri bilen aýdylanda, “başlangyç bolmandygyny” aýtdy:

“Diplomatiýa ýoly barada aýdylanda, men biziň Eýranyň 5+1 gepleşikleriniň çäginde şu wagta çenli eden tekliplerini “başlangyç” hökmünde görmeýändigimizi açyk aýtdym. Gepleşikleriň üç tapgyrynyň geçirilendigine garamazdan, Eýran heniz halkara jemgyýetçiliginiň aladalaryna jogap bermek we HAEG bilen BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirmek barada strategiki karara gelmeli ýaly görünýär.”

Eýran özüniň ýadro ýaragyny edinmekçi bolýandygyny gaýta-gaýta ret edýär, emma Günbatar oňa şübheli garaýar.

Müsürlilere edilen sargyt

Klinton Ysraýyla golaýda yslamçylaryň kontrollugyna geçen Müsürden geldi we özüniň müsür ýolbaşçylaryna Ysraýyl bilen baglaşylan parahatçylyk şertnamasyny berjaý etmegi sargandygyny aýtdy:

“Şu hepde ahyrynda men Kaire sapar etdim. Men täze prezident, beýleki esasy ýolbaşçylar, şol sanda feldmarşal Tantawi bilen duşuşdym - diýip, Klinton aýtdy. - Meniň jemgyýetçilik öňündäki we hususy sargydym şol bir manyda: Birleşen Ştatlar we halkara jemgyýetçiligi Müsüriň täze ýolbaşçylarynyň regional parahatçylygy we howpsuzlygy ilerletmekde konstruktiw rol oýnamaklaryna, hususan-da özleriniň gol çeken halkara şertnamalaryna, şol sanda Ysraýyl bilen baglaşan parahatçylyk şertnamalaryna eýermeklerine garaşýar.”

Klinton Ysraýyla 2010-njy ýylyň sentýabryndan bäri barmandy. Synçylar muny Palestina bilen Ysraýylyň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerinde öňegidişligiň azlygy bilen baglanyşdyrýarlar. Klinton hem bu meseläni Ysraýyl ýolbaşçylary bilen gepleşiklerinde gozgady.

Birleşen Ştatlaryň howandarlygyndaky parahatçylyk gepleşikleri 2010-njy ýylda, Ysraýylyň premýer ministri Benýamin Netenýahu palestinalylaryň oba gurluşygynyň doňdurylmagyny bölekleýin uzaltmak baradaky talaplaryny ret edeninden soň ýatyp galdy.
XS
SM
MD
LG