Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Almatyda Siriýanyň konsullygy ýakyldy


Maglumatlara görä, Gazagystanyň Almaty şäherinde Siriýanyň konsullygyna düşen ýangyn bu edaranyň binasyna uly zeper ýetiripdir.

Gazak KTK hususy telekanaly sişenbe güni ýüz beren ýangynda konsullygyň ýerleşen üçünji gatynyň doly ot alandygyny we ähli dokumentleriň ýok bolandygyny habar berdi.

Bu maglumata görä, ýangynyň içi otly çüýşe bilen amala aşyrylan hüjümden soň tutaşandygy çak edilýär. Bu çaklama polisiýa tarapyndan tasyklanylmaýar.

Maglumatda talaňçylygyň ýangyna sebäp bolup bilmejekdigi hem aýdylýar.

KTK kanalyna beren interwýusynda Siriýanyň Almatydaky hormatly konsuly Samir Derekh Siriýanyň Gazagystandaky ýeke-täk diplomatik missiýasyna garşy näbelli “radikal dini toparlaryň” eden hüjümini ýazgardy.

Bu ýangyn Siriýada režime garşy göreşýän oppozisiýa bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky gandöküşikli çaknyşyklaryň gidýän wagtyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG