Sepleriň elýeterliligi

Daşkent Orsýetiň MTS kompaniýasynyň lisenziýasyny wagtlaýyn togtadýar


Özbegistanyň häkimiýetleri Orsýetiň mobil aragatnaşyk kompaniýasynyň lisenziýasyny 10 günläp togtadýandyklaryny habar berýärler.

Resmiler MTS-Özbegistan kompaniýasynyň birnäçe “tehniki düzgün bozmalara” jogapkärdigini we sişenbe gününden başlap onuň işini wagtlaýyn togtadýandyklaryny aýdýarlar.

Bu ýagdaý Orsýetiň iň uly Mobil TeleSistema (MTS) kompaniýasynyň Özbegistandaky edarasynyň başdan geçirýän soňky kynçylygydyr.

Geçen aýda Özbegistanyň resmileri MTS-Özbegistan edarasynyň menejerlerini ýaramaz hyzmatlary we öýjükli telefon diňlerini bikanun ulanandyklary üçin tankytladylar.

Maglumatlara görä, özbek prokurorlary kompaniýanyň resmilerini galplykda aýyplap, olara garşy iş gozgapdyrlar.
XS
SM
MD
LG