Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gapma-garşylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolan gyrgyz baş müftüsi wezipesinden çekilýär


Korrupsiýada güman edilýän Gyrgyzystanyň baş müftüsi özüniň wezipesinden çekilýändigi barada Yslam dindarlarynyň geňeşine hat ýollandygyny aýdýar.

Çubak-Hajji Jalilow Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna beren interwýusynda özüniň saglyk ýagdaýy sebäpli wezipesinden çekilýändigini aýtdy. Ol saglygy barada jikme-jik maglumat bermekden saklandy.

Yslam dindarlarynyň geňeşi baş müftüniň hatyny tassyklamaly.

Jalilow Gyrgyzystanyň baş müftüsi ýa-da Musulmanlaryň ruhy dolandyryş edarasynyň başlygy wezipesini 2010-njy ýylyň iýul aýyndan bäri eýeläp geldi.

Onuň gyrgyz musulman jemgyýetiniň arasyndaky garşydaşlary ony gurnaldy diýilýän jenaýat toparlara dahyllylykda aýyplaýarlar.

Jalilowyň garşydaşlary baş müftüniň wezipesinden çekilmedik ýagdaýynda, Alternatiw ruhy dolandyryş edarasyny döretmek kararyna gelendiklerini şu aýyň başynda yglan etdiler.
XS
SM
MD
LG