Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Eýranyň ýadro ýaragyny edinmezligi üçin ähli güýjüni ulanjakdygyny aýdýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillary Klinton Eýranyň ýadro ýaragyny edinmezligi üçin Birleşen Ştatlaryň güýjüni gaýgyrmajakdygyny aýdýar.

Ierusalimde ýokary derejeli resmiler bilen geçiren gepleşiklerinden soň Klinton diplomatiki çözgüdiň ileri tutulýandygyny aýdyp, Ysraýyl bilen Birleşen Ştatlaryň Eýran babatynda “bir sahypadadygyny” belledi.

Eýranyň dünýä döwletleriniň 5+1 atlandyrylan gepleşiklerinde eden tekliplerine Klinton “başlangyç bolmady” diýip baha berdi.

Eýran ýadro ýaragyny öndürmek ugrunda iş alyp barýar diýilýän Günbataryň çaklamasyny yzygiderli ret edip gelýär.

Klinton Ysraýyla 2010-njy ýylyň sentýabryndan bäri baryp görmändi. Synçylar muny Ysraýyl-Palestina parahatçylyk gepleşikleriniň haýal barýandygy bilen düşündirýärler. Klinton bu meseläni hem Ysraýylyň liderleri bilen duşuşygynda galdyrdy.
XS
SM
MD
LG