Sepleriň elýeterliligi

Damaskyň merkezinde söweşleriň gidýändigi habar berilýär


Siriýanyň paýtagty Damaskyň merkezinde ýaragly çaknyşyklaryň gidýändigi habar berilýär.

Damaskyň merkezi meýdançasynda Siriýanyň Merkezi bankynyň töwereginde atyşyklaryň ýüz berýändigi aýdylýar.

Şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, hökümet güýçleriniň wertolýetlary şäherdäki pitneçileriň hereket edýän birnäçe raýonlaryna ok ýagdyrypdyr.

Mundan ozal oppozisiýanyň tarapyna geçen Siriýanyň Yrakdaky ilçisi Nawaf Fares BBC kanalyna beren interwýusynda prezident Başar al-Assadyň režiminiň ilata garşy himiki ýaragy ulanyp biljekdigini aýtdy.

BMG-niň ýörite wekili Kofi Annan sişenbe güni Moskwada Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen Siriýa meselesini maslahat edýär. Ol Siriýanyň häkimiýetlerine garşy has berk çäreleri Moskwanyň goldamagyny gazanmaga synanyşýar.
XS
SM
MD
LG