Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Arkadag” gününi boş geçirmeýär


Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi dynç alyşdaky Berdimuhamedowy görkezdi.
Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi dynç alyşdaky Berdimuhamedowy görkezdi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyşda-da köp işleýän adam. Ýakynda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi dynç alyşdaky prezidentiň wagtyny boş geçirmeýändigini görkezdi.

Üç sany dürli kadrlarda prezidentiň bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirýändigi, dynç alýan çagalar bilen duşuşýandygy we bu çagalaryň prezidentiň adyna aýdym aýdyp, goşgy okaýandygy, şeýle-de prezidentiň öz täze kitabynyň üstünde işleýändigi we kitabyň jemleýji tapgyryna geçendigi görkezildi.

Türkmenistanyň “Arkadagy” diýlip atlandyrylýan Berdimuhamedow öndümli işleýän ýazyjydyr. Onuň eseleri atçylykdan başlap, Türkmenistany abadanlaşdyrmak ýaly temalary öz içine alýar. Berdimuhamedowyň üç kitapdan ybarat “Türkmenistanyň derman ösümlikleri” atly ylmy eseri onuň döredijilik zähmetiniň netijeleriniň biridir. Gyzyklanýanlar bu toplumyň ikinji kitabyny internet arkaly $280-e satyn alyp bilerler.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi dynç alyşdaky Berdimuhamedowy görkezdi.
Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi dynç alyşdaky Berdimuhamedowy görkezdi.
Şu ýylyň mart aýynda çapdan çykan 3-nji tomuň kitaphanalara gowuşmagyndan sähelçe wagt geçip-geçmänkä, döwlet telewideýesinde aýdylyşyna görä, Berdimuhamedow sabyrsyzlyk bilen garaşylýan dördünji kitabyny tamamlap barýar.

Kitabyň üstünde işleýän prezident döwlet telewideýesinde görkezilende onuň stolunyň üstünde diňe ruçka bilen depderçe bardy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, medisina ylymlarynyň doktory we professor bolan adamyň kompýutere mätäç däl bolmagy hem mümkin.

-- Zah Piterson
XS
SM
MD
LG