Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran bilen Türkmenistan özara söwdany ösdürmäge taýýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmadinejad. 6-njy iýun, 2010 ý.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmadinejad. 6-njy iýun, 2010 ý.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşid Meredow iki günlük resmi sapar bilen Eýranda gepleşikler geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň özara söwda we ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça maslahat edildi.

Eýranyň daşary işler ministri Aly Akbar Salehi Türkmenistan bilen Eýranyň özara söwda gantaşyklaryny 10 milliard dollara çenli artdyrmaga taýýarlyk görülýändigini aýtdy. 2011-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy bäş milliard dollara deň bolupdy.

Salehi bu barada duşenbe güni çykyş etdi. Şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşid Meredowyň Eýrana iki günlük resmi sapary tamamlandy.

Eýranyň söwda resmileri Türkmenistana gurluşyk işleri üçin tehniki we inženerçilik hyzmatlaryny hödürlemäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Ýurduň resmi “Press.tv” telekanalynda Eýranyň senagat, magdan we maliýe işleri boýunça ministri Mehdi Ghazanfari Aşgabat bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny habar berdi.

Ol bu meselede: ”Biz Kaspiý deňzindäki we Pars aýlagyndaky söwda gatnaşyklarymyzy artdyrarys. Biz transport meseleleri boýunça hem özara hyzmatdaşlygymyzy artdyrarys. Biz geljekki 2-3 ýylyň dowamynda özara söwda gatnaşyklarymyzy 7 milliard dollara çenli, 5 ýylyň içinde bolsa 10 milliard dollara çenli ösdürmegi maksat edinýäris” diýdi.

“Press.tv” telekanalynyň berýän maglumatyna görä, Reşid Meredow Eýrana eden saparynyň çäginde yslam döwletini Türkmenistanyň “iň ýakyn we gowy goňşusy” diýip häsiýetlendiripdir. Şeýle-de türkmen resmisi sanksiýalar ýaly “ikinji derejeli meseleleriň” hiç haçan iki ýurduň gatnaşyklaryna täsirini ýetirmejekdigini aýtdy diýip, “Press.tv” telekanaly habar berýär.

Tähranyň dawaly ýadro programmasy boýunça halkara jemgyýetçiligi Eýrana garşy sanksiýalary girizipdi. Bularyň arasynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň sanksiýalary-da bar. Şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň Eýranyň nebitine girizen embargosy 1-nji iýuldan başlap güýje girdi.

Günbatar döwletleri Eýranyň ýadro programmasyna duwlanyp, ýadro ýaragyny döretmeginden howatyr edýärler. Tähran bu aýyplamalary inkär edýär.
XS
SM
MD
LG