Sepleriň elýeterliligi

Täze film Andijandaky gyrgyny aýdyňlaşdyrýar


Özbegistan, Andijan wakalarynyň pidalary, 14-nji maý, 2005

Özbegistan, Andijan wakalarynyň pidalary, 14-nji maý, 2005

Şu günler habar beriş serişdelerinde Özbegistanda adam hukuklarynyň bozulýandygy baradaky habarlara garanyňda, bu ýurduň Owganystan bilen umumy serhediniň bardygy baradaky maglumatlara has köp duş gelinýär. Daniýaly žurnalist Maýkl Anderseniň täze dokumental filmi bu ýagdaýy özgertmegi göz öňünde tutýar.

“Özbegistandaky gyrgynçylyk: çaklanan, bagyşlanan, unudylan” atly film 2005-nji ýylyň 13-nji maýynda ýüz beren tragiki wakalary aýdyňlaşdyrýar. Şol wakalarda gündogar Özbegistanyň Andijan şäherinde hökümet güýçleri protestçilere garşy ýaraglardan ot açypdylar.

7 ýyldan soň

Şol wakalardan soň 7 ýyl geçdi, ýöne Andijan wakalary barada hiç hili edebi eser döredilmedi. “Human Rights Watch”, “Amnesty International” ýaly halkara guramalary şaýatlaryň gürrüňleri, bidüzgünçilikleriň jikme-jikleri we şol wakalardan soň geçirilen ýapyk sudlar barada ýüzlerçe sahypa material çap etdiler. Emma “Özbegistandaky gyrgynçylyk” filminiň direktory Andersen häzire çenli bu waka barada doly aýdylmady diýýär.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Andersen bu filminiň “Andijanda bolan wakalaryň ýüz beren wagtyndan başlap ýagdaýy yzarlaýan” ýeke-täk filmdigini aýdýar.

“Bizde mundan ozal şaýatlaryň hiç ýerde aýtmadyk zatlary barada interwýular bar” diýip, Andersen nygtaýar. ”Biziň filmimize tomaşa edenler ýakymsyz, gynandyryjy wakalaryň şaýady bolýarlar”.


Wideo: "Özbegistandaky gyrgynçylyk" filminiň tanyşdyrylyş sýužeti

Aýdylýan zatlaryň iň esasylarynyň biri hem şol wakalarda ölenleriň sany baradadyr. Özbegistanyň hökümeti Andijan wakalarynda ölenleriň sanynyň 187 adamdygyny, gozgalaňçylaryň “terrorçylardygyny” we olaryň hökümeti agdaryp, Yslam halifatlygyny döretmekligi maksat edinendiklerini uzak wagtyň dowamynda yglan edip geldi.

Wakalarda öleneleriň sanynyň 1 müňe golaýdygy we ýaralananlaryň sanynyň juda köp bolandygy garaşsyz maglumatlarda aýdylýar.

Andersen filmi döreden prodýuserlere özbek häkimiýetleriniň aýdýanlaryna gönüden-göni ters gelýän dokumentleriň görkezilendigini belleýär.

”(Şaýatlaryň) käbirleri materiallary (Özbegistanyň) daşyna hem çykarypdyrlar. Bizde morgdan alynan dokumentleriň nusgasy bar. Bu dokumentler Karimowyň “187 adam öldi we olar terrorçylar” diýmeginiň göz-görtele ýalandygyny görkezýär” diýip, Andersen aýdýar.

Erkin söz

Andersen Andijan wakalaryny we Karimowyň hökümeti bilen Günbataryň iş salyşyşyny edebi esere meňzedýär. Waka Andijanda başlanýar, Günbataryň göýä bidüzgünçilikler bilen bagly Özbegistana sanksiýalary baradaky sýužeti filmiň ortasynda berilýär. Soňky ýyllaryň dowamynda gatnaşyklary täzeden ýola goýmak, hususanda Özbegistanyň demir ýolunyň Owganystana geçirilmegi baradaky hekaýa bilen film soňlanýar.

Bu film tragiki hekaýa bolup biler, ýöne Andersen optimist bolmagynda galýar.

”Haçan-da oturyp, bu zatlary redaktirläňde, seni gorky duýgusy gurşap alýar. Öz janlaryna uly howp abandyrýan adamlara gözüň düşýär, çünki olar erkin söz aýtmak isleýärler” diýip, Andersen aýdýar.
XS
SM
MD
LG