Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda NATO üçin ýük daşaýan 23 maşyn weýran edildi


Çarşenbe güni Owganystanyň resmileri NATO-nyň güýçleri üçin ýük we ýangyç daşaýan maşynlardan 23 sanysynyň ýaragly söweşijiler tarapyndan weýran edilendigini habar berdiler.

Maglumata görä, bu hüjüm Owganystanyň Samangan welaýatynda ýük maşynlarynyň wagtlaýynça saklanýan parkynda amala aşyrylypdyr.

Samangan welaýatynyň howpsuzlyk gullugynyň başlygy Halil Andarabi weýran edilen ulaglardan 19-synyň üsti ýangyç sisternaly maşynlardygyny aýtdy.

“Assoşieýted press” habar agentligi bu ulaglaryň Özbegistanyň üsti bilen Owganystanyň günortasyndaky NATO güýçlerine ýangyç alyp barýan maşynlardygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG