Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Damaskdaky partlamada Siriýanyň goranmak ministri öldi


Çarşenbe güni Siriýanyň döwlet telewideniýesi Damaskyň merkezinde bir janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran partlamasynda ýurduň goranmak ministri Daud Rajhanyň ölendigini habar berdi.

Damaskdaky Milli howpsuzlyk gullugynyň binasynda amala aşyrylan bu partlamada prezident Başar al-Assadyň giýewisi, goranmak ministriniň orunbasary Assef Şawkatyň-da ölendigi we hökümet resmilerinden birnäçesiniň ýaralanandygy habar berilýär.

Siriýanyň paýtagty Damaskda oppozision ýaragly söweşijiler indi dördülenji gün hökümet güýçleri bilen söweş alyp barýarlar.

Bu wakalaryň fonunda bolsa, çarşenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Siriýadaky konfliktler bilen baglanyşykly täze rezolýusiýanyň taslamasyna ses berişlik geçirmekligi planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG