Sepleriň elýeterliligi

Dükanlaryň aglabasynda sygyr eti ýok


Türkmenistanda azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy dowam edýär.

Türkmenistanda azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy dowam edýär.

Türkmenistanda azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy dowam edýär. Aşgabadyň bazarlaryndaky et satýan dükanlarda häzir sygyr etini tapmak kyn. Diňe käbir dükanlarda satylýar diýäýmeseň, dükanlaryň aglabasynda sygyr eti ýok. Mysal üçin, Aşgabadyň Ors bazaryndaky et satýan dükanlaryň diňe 1-2 sanysynda sygyr eti bar, emma olarda-da et köp däl.

Sygyr etini satýan az sanly söwdagärlerem öz harytlarynyň bahasyny ýaşyryn aýdýarlar. Bu aýdylýan baha bolsa bir kilogram sygyr eti üçin 15 manat. Ors bazarda et satýan 34 ýaşly söwdagär Allamyrat munuň sebäbini bazaryň administrasiýaynyň eti bellenilen nyrhdan satmaga mejbur edýändigi bilen düşündirýär.

“Bazarda etiň bir kilogramynyň bahasy 12 manatdan ýokary bolmaly däl edildi. Emma bu bahadan hiç kim et satmak islänok. Şonuň üçinem et ýok” diýip, Allamyrat aýdýar.

15 manat

Paýa girilip satylýan sygyr etiniň bahasy häzir 15 manat. Emma sygyr etiniň bahasy mundan hem ýokary galyp, onuň bir kilogramynyň 20 manat boljakdygy barada çaklamlar bar. Bu çaklama bolsa paýa girilip satylýan et söwdasyny hem togtadypdyr.

“Paýyna mal soýýanlar hem şu wagt mal soýanoklar. Her kim etiň bahasy ýokary galyp, bir kilogramynyň bahasy 20 manat bolar diýip çaklaýar. Täze bahalara garaşýarlar. Aşgabada getirilýän malyň sanynyň azalmagy hem şuň bilen bagly” diýip, Allamyrat gürrüň berýär.

Aşgabadyň Parahat mikroraýonyndaky bazarda hem, edil Ors bazaryndaky ýaly, sygyr eti köp däl. Bu bazarda sygyr eti bellenilen nyrh boýunça satylýar. Bu nyrhlara bazar administrasiýasynyň gözegçilik edilýändigini bu bazaryň adyny efirde tutulmazlygyny islän etçi söwdagäri aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, bu bazarda diňe bir et däl, eýsem çöregiň söwdasy hem gözegçilikde.

“Bu gözegçiligi bazar administrasiýasy hem-de galstukly adamlar edýärler. Goýun etini 10 manatdan, sygyr etini 11 manatdan satdyrýarlar. Bazarda satylýan çöregem öňki bahalardan satylýar” diýip, Parahat mikroraýonyndaky bazaryň etçisi aýdýar.

Bu söwdagäriň aýdanlaryny bu bazardaky etiň hem-de çöregiň bahasy tassyklaýar. Bu bazarda türkmen çöregi ululygyna görä, 1 we 2 manatdan satylýar. Bu bazardaky çörekçileriň birinden munuň sebäbini soranymda, ol öz satýan çöreginiň bazara degişli çörek bişirilýän kärhanada bişirilýändigini aýtdy.

Paýtagtyň bazarlaryndaky et söwdasyndaky häzirki emele gelen ýagdaýdan çen tutulsa, hökümetiň bahalara gözegçilik etmäge synanyşýandygyny aýtsa bolar. Emma hökümetiň bu tagallalarynyň şowly bolmajakdygyny Ors bazaryň et satýan söwdagäri aýdýar. Onuň pikiriçe, hökümet eti bazar bahasy boýunça satmaga rugsat bermäge mejbur bolar.

“Eger-de harydy asyl bahasy boýunça satdyrmasalar, onda häzirki ýaly prilawkalar boş galar. Bazarlarda et satylmaz” diýip, Allamyrat Azatlyk Radiosyna öz pikirini beýan etdi.

Ýurtda azyk önümleriniň bahalarynyň ýokary galmagy ilatyň ähli gatlaklaryna özüniň erbet täsirini ýetirýär. Bu ýagdaý ilatda nägileligi artdyrýar.

“Indi etem iýmez ýaly etdiler. Bir killogram et üçin 20 manat tölejek bolsaň, indiki ýyldan 10% köpeldiljek aýlykdan ne peýda? Entäk şol köpeldilýän pul berilmänkä, bar zat gymmatlaýar” diýip, Aşgabadyň döwlet edarasynda işleýän 36 ýaşly ýaşaýjysy Bäşim aýdýar.

Çöregiň we unuň bahasynyň ýokary galmagyndan soň süýt önümleriniň bahasy hem ýokary galdy.

Çöregiň we unuň bahasynyň ýokary galmagyndan soň süýt önümleriniň bahasy hem ýokary galdy.

Çöregiň we unuň bahasynyň ýokary galmagyndan soň süýdüň bahasy hem ýokary galdy. Öň bir ýarym litrlik ”baklaşkada” satylýan süýdüň bahasy 2 manat 40 teňňe bolan bolsa, indi onuň bahasy 3 manat boldy.

“Sygyr üçin iýmiň, çöregiň bahasy galdy. Şonuň üçin süýt gymmatlady” diýip, süýt satýan gökdepeli aýal, 47 ýaşly Aýgül aýtdy.

Aprel aýynyň ahyrynda Bütindünýä bankynyň ýaýradan hasabatynda şu ýylyň ilkinji dört aýynda halkara derejesinde azyk önümleriniň bahalarynyň ortaça 8% ýokarlanandygy aýdylypdy. Bahalaryň ýokarlanmagyna benziniň bahasynyň gymmatlamagynyň, Aziýa ýurtlarynda azyk öňümlerine bolan islegiň ýokarlanmagynyň we Ýewropanyň käbir regionlarynda howa şertleriniň ýaramazlaşmagynyň sebäp bolandygy aýdylypdy.

Häzir Türkmenistanda azyk önümleriniň gymmatlap başlamagynyň bu agzalýan faktorlar bilen baglanyşygy barada resmi maglumat ýok. Şol bir wagtyň özünde-de türkmen hökümeti ýurduň azyk we ykdysady taýdan garaşsyzdygyny yglan edýär. Emma Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň berýän resmi sanlaryna görä, 2011-nji ýylda Türkmenistanyň daşary söwda haryt dolanyşygynda uly paýy Aziýa we Ýewropa ýurtlary eýeläpdir.
XS
SM
MD
LG