Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa: Kim Ýong Yn täsirini güýçlendirýär


Telewideniýe täze lidere "marşal" derejesiniň berlendigini habar berýär. 18-nji iýul, 2012.

Telewideniýe täze lidere "marşal" derejesiniň berlendigini habar berýär. 18-nji iýul, 2012.

Demirgazyk Koreýanyň täze lideri Kim Ýong Yna "marşal" çini berildi.

Ozal bu derejäni onuň kakasy Çim Çen Ir göterýärdi. Kim Çen Ir geçen ýylyň dekabr aýynda ýogaldy.

Analitikleriň pikirine görä, Kim Ýong Yna "marşal" derejesiniň berilmegi onuň goşuna gözegçiligini güýçlendirmek niýetini görkezýär. Şeýle-de, bilermenleriň sözlerine görä, bu Kim Ýong Ynyň ýurdy, öz atasynyň edişi ýaly, million adamlyk goşunyň serkerdesi hökmünde dolandyrmak niýetiniň hem alamaty bolup durýar.

Hepdäniň duşenbe güni Demirgazyk Koreýanyň baş harby generaly Ri Ýong Ho wezipesinden boşadyldy. Döwlet telewideniýesi Ri Ýong Honuň bu wezipeden “hassalygy” sebäpli çetleşdirilenligini habar berdi. Emma köpler bu resmi wersiýa ynamsyzlyk bildirýärler.

Köp synçylar Riniň wezipesinden çekilmeginiň sebäbini Kim Ýong Ynyň bu wezipäni öz eline almak islänligi bilen baglanyşdyrdylar.

20 ýaşlaryndaky Kim Ýong Yna 2010-njy ýylyň sentýabr aýynda general çini berlipdi. Şonda analitikler, kakasynyň ölüminden soň baş serkerde bolmagy üçin, Kim Ýong Yna täze derejäniň zerur bolandygyny belläpdiler.

Kim Ýong Yn Demirgazyk Koreýanyň goşun ýolbaşçysy bolansoň, onuň häzir ýadro ýaragly döwletiň baştutany hökmünde hem öz täsirini güýçlendirýänligi bellenilýär.
Onuň eýeleýän syýasy we harby pozisiýalaryna indi marşallyk hem goşuldy.

Geçen ýylyň dekabr aýynda döwlet baştutany wezipesine geçensoň, Kim Ýong Yn soňky onýyllyklarda kakasynyň bellän uly ýaşly harby liderleriň ençemesini, şol sanda ýaragly güýçler ministrini we gizlin polisiýa ýolbaşçysyny hem wezipesinden boşatdy.

Kim Ýong Yna "marşal" derejesini bermek baradaky karar onuň öz gol astyndaky döwlet we partiýa edaralarynyň ençemesi tarapyndan ykrar edildi.
XS
SM
MD
LG