Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň harby komanduýuşisi Tbiliside gepleşik geçirýär


Çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Ýewropadaky harby güýçleriniň komanduýuşisi Mark Hertling Tbiliside Gürjüstanyň prezidenti Mihial Saakaşwili bilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikde esasan Birleşen Ştatlar bilen Gürjüstanyň harby ugurlardaky hyzmatdaşlyklary hem-de Gürjüstanyň Owganystanda alyp barýan harby missiýasy bilen bagly meseleler üns merkezinde boldy.

ABŞ-nyň goşun komanduýuşisi Mark Hertling bu saparynyň barşynda Gürjüstanyň Goranmak ministrliginiň ýokary derejeli resmileri bilen-de duşuşyp, Ýewropadaky howpsuzlyk meseleleri barada hem gepleşikler geçirdi.
XS
SM
MD
LG