Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: parlamentiň ýokarky palatasy dawaly kanuny oňlady


Çarşenbe güni Orsýetiň parlamentiniň ýokarky palatasy daşary ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýän garaşsyz guramalaryň statusy bilen baglanyşykly täze kanunyň taslamasyny tassyklady.

Bu täze kanun hökümetden aýry guramalaryň registrasiýa edilmekleri üçin edilýän talaplary has-da artdyrýar.

Mundan daşary, parlamentiň ýokarky palatasy Orsýetiň territoriýasynda käbir internet saýtlaryny gara sanawa girizmeklige ýol berýän kanunyň taslamasyny-da oňlady. Indi bu kanunlar prezident Putin tarapyndan tassyklanylmaly.

Federasiýa Geňeşiniň çarşenbe günki tassyklan dokumentleriniň hatarynda Orsýetiň Dünýä Söwda Guramasyna agza bolmak meselesi baradaky kanun hem bar.
XS
SM
MD
LG