Sepleriň elýeterliligi

Baku Daglyk-Garabagdaky prezidentlik saýlawlaryna garşy çykýar


Çarşenbe güni Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi Ermenistanyň kontrollygynda ýerleşýän Daglyk-Garabag regionynda geçirilmegi planlaşdyrylýan ertirki prezidentlik saýlawlaryna syn etmäge barjak islendik bir daşary ýurt raýatyny Azerbaýjanda islenilmeýän adam diýip yglan etjekdigini mälim etdi.

Bu barada çarşenbe güni Bakuda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Elman Abdullaýew Azerbaýjanyň separatistik regionynda şeýle saýlawlaryň geçirilmeginiň bu region bilen baglanyşykly alnyp barylýan gepleşikleriň maksadyna garşy gelýändigini aýtdy.

Geçen aý Daglyk-Garabag regionynyň serhet ýakalarynda bolan ok atmalarda azerileriň we ermenileriň tarapynda azyndan 9 esgeriň ölendigi habar berlipdi.
XS
SM
MD
LG