Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Dünýäde 6 milliard adam mobil telefon ulanýar


Häzir Türkmenistanyň ilatyna ýeke-täk mobil operatory “Altyn Asyr” hyzmat edýär.

Häzir Türkmenistanyň ilatyna ýeke-täk mobil operatory “Altyn Asyr” hyzmat edýär.

Bütindünýä bankynyň 17-nji iýulda ýaýradan hasabatyna görä, häzirki wagtda dünýäniň ilatynyň dörtden üç bölegine mobil telefon elýeterli bolupdyr. Häzir mobil aragatnaşygynyň ösüşi täze derejä ýetýär.

2000-nji ýylda dünýäde mobil telefon ulanýanlaryň sany 1 milliarddan gowrak bolan bolsa, häzir olaryň sany 6 milliarda ýetipdir. Olaryň 5 milliardy ösýän ýurtlarda ýaşaýar diýip, Bütindünýä bankynyň täze hasabatynda aýdylýar.

Bütindünýä bankynyň täze hasabatyna laýyklykda, 2005-nji ýylda Türkmenistanda her 100 adamdan ikisi mobil telefon ulanan bolsa, 2010-njy ýylda bu görkeziji her 100 adamdan 62-ä ýetipdir. 2010-njy ýylda Türkmenistanda mobil telefony bolanlaryň 95 prosenti ony öňünden pul töläp ulanypdyr, 2005-nji ýylda bu görkeziji 89 prosente deň eken.

2005-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň 14 prosentine mobil telefon elýeterlidi diýip, Bütindünýä bankynyň täze hasabatynda aýdylýar. Emma 2010-njy ýylda Türkmenistanyň ilatynyň näçe prosentiniň mobil telefon ulanandygy barada maglumat berilmeýär.

Bu hasabata görä, Azerbaýjanyň ilatynyň 80 prosenti mobil telefon ulanýar we olaryň 1,3 prosenti internete mobil telefon arkaly girýär. Gazagystanyň ilatynyň 81 prosenti, Özbegistanyň ilatynyň 87 prosenti we Gyrgyzystanyň ilatynyň 88 prosenti mobil telefon ulanýar. Şeýle-de Gazagystanyň ilatynyň 5 prosent çemesi internete mobil telefondan girýän bolsa, Gyrgyzystanyň ilatynyň 3 prosenti we Özbegistanyň ilatynyň 0,7 prosenti internete girmek üçin mobil telefon ulanýar.

Hasabatda Türkmensitanda internete girmek üçin mobil telefon ulanýanlaryň sany barada habar berilmeýär. Emma Azatlyk Radiosynyň diňleýjileriniň berýän maglumatlaryna görä, ýaşlar internete girmek üçin mobil telefony giňden ulanýarlar.

Häzir Türkmenistanyň ilatyna ýeke-täk mobil operatory “Altyn Asyr” hyzmat edýär. Emma geçen aý Orsýetiň MTS mobil aragatnaşyk kompaniýasy ýakyn wagtlarda Türkmenistanda öz işini gaýtadan ýola goýjakdygyny mälim etdi. 2010-njy ýylyň dekabrynda türkmen häkimiýetleri bu kompaniýa bilen ylalaşygynyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwrenlerinden soň, ol özüniň Türkmenistandaky işlerini bes edipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG