Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýadaky partlama netijesinde ýokary derejeli üç resmi öldi


Partlamada Siriýanyň goranmak ministri Daud Rajhan (ortada), goranmak ministriniň orunbasary Assef Şawkat (çepde) heläk boldy, içeri işler ministri Ibrahim al-Şaar (sagda) agyr ýaralandy.
Partlamada Siriýanyň goranmak ministri Daud Rajhan (ortada), goranmak ministriniň orunbasary Assef Şawkat (çepde) heläk boldy, içeri işler ministri Ibrahim al-Şaar (sagda) agyr ýaralandy.
Çarşenbe güni Siriýanyň döwlet telewideniýesi Damaskyň merkezinde bir janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran partlamasynda ýurduň goranmak ministri Daud Rajhanyň ölendigini habar berdi.

Damaskdaky Milli howpsuzlyk gullugynyň binasynda amala aşyrylan bu partlamada prezident Başar al-Assadyň giýewisi, goranmak ministriniň orunbasary Assef Şawkatyň we wise-prezidentiň kömekçisi Hassan Turkmaniniň-de ölendigi habar berilýär.

Hüjümde ýokary derejeli resmileriň ençemesi ýaralandy. "Roýter” habar agentligi ýaralananlaryň arasynda Siriýanyň razwedka gullugynyň başlygy Hişam Behtýaryň we içeri işler ministri Ibrahim al-Şaaryň hem bardygyny habar berýär.

Şeýle-de, “Roýter” habar agentliginiň Siriýanyň howpsuzlyk gullugyna degişli çeşmelere salgylanyp habar bermegine görä, bu partlama Siriýanyň ýokary derejeli howpsuzlyk we harby resmileriniň maslahata ýygnanan pursady hökümet resmileriniň janpenalaryndan biri tarapyndan amala aşyrylypdyr.

Ministriň aýyplamasy

Bu wakanyň yzýany ýurduň informasiýa ministri Omran Zoabi döwlet telewideniýesine beren interwýusynda bu bolan wakada Arap we Günbatar ýurtlaryny aýyplady.

Ol: “Şu günki bomba partlamasy we Siriýada ýüz berýän ähli beýleki wakalar ýörite amala aşyrylýan ganhorluk, sabotaž, partlamalar we adamlaryň janyna kast etmelerdir. Bu wakalaryň moral we kanuny jogapkärçiligi gönüden-göni Arap we Günbatar hökümetleriniň, olaryň razwedka agentlikleriniň we içalylarynyň boýnuna düşýär” diýip nygtady.

Siriýanyň döwlet telewideniýesi prezident Başar al-Assadyň giýewisi, goranmak ministriniň orunbasary Assef Şawkatyň şol partlamada alan ýarasyndan Damaskyň keselhanasynda aradan çykandygyny habar berdi.

Assef Şawkat 2005-2009-njy ýyllar aralygynda Siriýanyň harby razwedkasyna ýolbaşçylyk edipdi. Soňra ol ýurduň goranmak ministriniň orunbasary wezipesine bellenipdi. Ol 1995-nji ýylda prezident Başar al-Assadyň aýal dogany Buşra öýlenipdi.

Iki topar beýanat etdi

Çarşenbe güni Damaskda amala aşyrylan bu partlamanyň jogapkärçiligini iki sany dürli topar öz üstüne aldy. Olardan biri “Liwa Al-Islam” atly söweşjeň topar, beýlekisi bolsa özüni “Siriýanyň azat armiýasy” diýip atlandyrýan oppozision söweşjeň topar.

Bu wakanyň fonunda Siriýanyň paýtagty Damaskda oppozision ýaragly söweşijileriň hökümet güýçleri bilen çaknyşyklary indi dördülenji gün dowam etdi. Oppozision söweşijiler özleriniň Damaskdaky bu operasiýalaryny “Damaskyň wulkany” diýip atlandyrrdylar.

“Siriýanyň azat armiýasy” diýlip atlandyrylýan ýaragly güýçleriň metbugat sekretary çarşenbe günki amala aşyrylan partlamany “öňünden duýdurylan wulkanyň atylmasy” diýip häsiýetlendirdi.
XS
SM
MD
LG