Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kazandaky hüjümlerde baş müfti ýaralanyp, onuň orunbasary öldi


Penşenbe güni Tatarystanyň paýtagty Kazanda amala aşyrylan iki sany dürli hüjümde respublikanyň baş müftüsi Ildus Faýzow ýaralandy we onuň orunbasary Walilulla Ýakubow öldi.

Tatarystanyň resmileriniň maglumatyna görä, respublikanyň baş müftüsi Ildus Faýzowyň münüp barýan ulagy partlananda, ol ýaralanypdyr.

Başga bir wakada bolsa, näbelli ýaragly adamlar baş müftüniň orunbasary Walilulla Ýakubowy onuň öýüniň ýanynda atyp öldüripdirler.

Bu hüjümleriň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almandyr. Orsýetiň jenaýat-derňew komiteti häzirki wagt bu wakalar boýunça derňew işleriniň alnyp barylýandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG