Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Bolgariýadaky hüjümde Eýrany we Hizbullany aýyplaýar


Peşenbe güni Bolgariýanyň içeri işler ministri Swetan Swetanow Bolgariýanyň Burgas şäherinde çarşenbe güni bolan partlamada ölen ýedi adamyň kimlerdikleri barada beýanat bilen çykyş etdi.

Onuň aýtmagyna görä, awtobusyň içinde amala aşyrylan partlamada ölen ýedi adamdan bäşisi ysraýylly turistler, biri awtobusyň sürüjisi we beýleki birem janyndan geçen hüjümçiniň jesedi.

Çarşenbe güni Ysraýylyň Tel-Awiw şäherinden Bolgariýanyň Burgas şäherine dynç almaga baran turistleriň bir topary awtobusda gidip barýarka, janyndan geçen bir hüjümçi awtobusyň içinde partlama amala aşyrdy.

Ysraýylyň resmileri bu wakada dessine Eýrany we onuň Liwandaky ýarany hasaplanylýan Hizbulla toparyny aýypladylar. Eýranyň döwlet telewideniýesi bu aýyplamalary ret etdi.
XS
SM
MD
LG