Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň täze wekili bilen duşuşdy


Çarşenbe güni prezident G.Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hökmündäki wezipesinden gidýän Pýer Morel hem-de bu wezipä täze bellenen Patrisiýa Flor bilen Aşgabatda duşuşyk geçirdi.

Bu duşuşykda Patrisiýa Flor Ýewropa Bileleşigine azga ýurtlaryň Türkmenistan bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Aýratyn-da, ol syýasy, ykdysady, gumanitar we ekologiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyklary ösdürmekligiň perspektiwalary barada gürrüň etdi.

Mundan daşary, Ýewropa Bileleşiginiň täze wekiliniň Türkmenistandaky demokratik reformalar bilen baglanyşykly kanunçylyk pudagyndaky özara hyzmatdaşlyklaryň-da möhümligini nygtanlygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG