Sepleriň elýeterliligi

Oraza bahalaryň gymmatlamagy bilen başlanýar


Aşgabadyň Ors bazarynda

Aşgabadyň Ors bazarynda

Azatlyk Radiosy aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen Türkmenistanda remezan aýynyň öňüsyrasyndaky ýagdaýlar, dini däpler we olara halkyň gatnaşygy barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Musulman dünýäsi ýene bir remezan aýyny garşylaýar. Siz Türkmenistanda Oraza görülýän taýýarlyk bilen bagly jemgyýetde, bazarlarda, dükanlarda bolýan zatlar hakynda gürrüň berip bilmezmisiňiz?

Amanmyrat Bugaýew: Şu ýyl oraza, remezan aýy ýurtda bahalaryň, onda-da çörek we un önümleriniň bahasynyň 200, 300 prosent gymmatlamagy bilen başlanýar. Üstesine, Türkmenistanda ýene-de bir bellenmeli ýagdaý bar.

Bu ýyl-a nyrhlar hökümet tarapyndan galdyryldy welin, ýöne türkmen bazarlarynda söwda edýän adamlaryň haýsyndan sorasaň, özüni mömin musulman saýýar, ýöne şolar remezan, roza aýynyň gelmegini öz bähbitleri üçin ulanýarlar.

Bu ýylyň-ýylyna bolup gelýän ýagdaý. Etiň bahasam ýokarlanýar, gaýry zatlaryň bahasynam ýokarlandyrýarlar şol roza, remezan aýynyň gelmegi bilen. Bu gynançly ýagdaý. Şonuň üçinem, näme, galyň bende öz borç-parzyna amal etmek üçin ol bahalara döz gelýär.

Ýöne ýeňillik döredilse, bu babatda hem hökümet alada etse, hem-de bazarlaryň adminstrasiýasy alada etse, adamlaryň şunuň ýaly mukaddes borç-parzyny berjaý edýän wagty olara elden gelen ýeňilliklerini etseler, has gowy bolardy.

Azatlyk Radiosy: Garaşsyzlyk ýyllarynda dörän din mümkinçilikleri adamlaryň oraza tutmaga, agyz beklemäge gatnaşygynda nähili üýtgeşiklik döretdi? Bu ugurdaky däplerde, aýdaly agzaçar meselesinde, baýramçylyk çärelerinde nähili göze ilýän özgerişler duýulýar?

Amanmyrat Bugaýew. Bir esasy göze ilýän zat, ýurtda ýaş ýigitlerem, ýaş gyzlaram, orta ýaşlylar, garrylaram, garaz, saglyk ýagdaýlary aňrujy mümkinçilik berýän bolsa, özem dindar bolsa, oraza tutýarlar. Muny bellemek gerek.

Birem indi, şol dine berlen azatlyk aňry çäk bolmasa-da, adamlar şol azatlykdan peýdalanýarlar. Meselem, garaşsyzlykdan öň agzaçara öýüňe adam çagyrmak, ýene gaýry etmek ýazgarylýan ýagdaýdy.

Häzir üýşüp, her gün biriniň öýüne agzaçara barmak däbe öwrüldi. Ýa-da bolmasa, özi oraza tutmaýanam bolsa, goňşy-golamynda, tanyş-bilişlerinde oraza tutýan adamlar bolsa, şolary öýüne ýygnap, ýörite agzaçar edýän adamlaram bar.

Ynha, bir gowy düzgün, Aşgabat şäherinde Garrylar öýi bar, şol ýerdäkileriň-de arasynda oraza tutýan, agyz bekleýänler bar. Adamlaryň belli bir bölegi oraza aýynda şulara-da ýörite iýmit-zat eltip gaýdýarlar. Bu meseläniň gowy tarapy.

Ýöne islendik zadyň medeniýeti gerek. Dine berlen azatlygyňam medeniýeti gerek. Ine, garaşsyzlyk döwründe mollasumaklar köpeldi. Seýdi diýýär: “Seýdi diýer şerigaty, nämse molla harap eder.” “Nämse” bu ýerde “ýarpy-ýaltyk, ýarym molla” diýen manyda gelýär.

Ynha, şunuň ýaly mollalar köpelip, adamlaryň boýnuna dini zorluk bilen dakjak bolýanlaram, bolar-bolgusyz wagyz-nesihat ýöredýänlerem bar (Men hakyky dindarlary, hakyky ahun-mollalary göz öňünde tutamok). Şularyň sanynyň köpelmegi jemgyýetiň peýdasyna däl. Bu meniň öz şahsy ynamym.
XS
SM
MD
LG