Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maliýe kömegine ýüz tutmak üçin Türkmenistanda bolmak şertmi?


Yrakdaky Dohuk uniwersiteti. 2-nji iýul, 2012 ý.
Yrakdaky Dohuk uniwersiteti. 2-nji iýul, 2012 ý.

Daşary ýurtdaky türkmen ýaşlary okuwlary üçin, maliýe kömegine ýüz tutup bilýärlermi ýa-da munuň üçin olaryň Türkmenistanda bolmagy hökmanmy?

Köp ýagdaýlarda häzirki wagt haýsy ýurtda okaýandygyna garamazdan, talyplar maliýe hemaýatana arza berip bilýärler. Eger-de kimdir biri okaýan uniwersitetiniň berýän maliýe hemaýatyny almak isleýän bolsa, onda ol munuň üçin degişli resminamalary hödürlemeli bolar.

Eger-de talyp okuwdaky görkezýän üstünlikleri üçin, maliýe hemaýatyny almak isleýän bolsa, onda ol, elbetde, okuw bahalaryny hödürlemeli bolar. Eger-de talyp hajat zerurýetleri sebäpli kömek almak isleýän bolsa, onda ol özüniň maliýe ýagdaýy baradaky resminamalaryny görkezmelidir. Bu resminamalary ugratmak üçin, talybyň şol wagtda nirede ýaşaýandygy onçakly bir möhüm hem däl.

Käbir kollejlerde talyplar maliýe kömegi baradaky resminamany her ýylda täzeden tabşyrmaga borçludyr. Bu talybyň bir ýylyň dowamynda gazanan üstünliklerini we onuň maliýe ýagdaýynyň özgermegini anyklamak üçin niýetlenendir. Muny ABŞ-nyň özünde hem amala aşyryp bolýar, ýagny munuň üçin Türkmenistanda bolmaga zerurlyk ýok.

Islendik maliýe hemaýatyna arza tabşyrmazdan ozal, onuň ähli şertlerini anyk we doly öwrenmeli. Olaryň käbiri talybyň şol wagt Türkmenistanda bolmagyny talap edip biler.

ABŞ-nyň hökümetiniň hödürleýän okuw programmalary köplenç belli bir regionyň ýaşaýjylaryna niýetlenendir. Şonuň üçin talybyň häzirki wagtda şol regionyň raýaty bolmagy şert bolup biler. Ýagny, onuň Türkmenistanda bolmagy hökmany şert däl, eýsem ol Türkmenistanyň raýaty bolmalydyr.

Eger-de haýsydyr bir maliýe hemaýatyny hödürleýän programma boýunça soraglaryňyz bar bolsa, onda şol programanyň wekilleri bilen habarlaşyp bolar. Eger-de olara düşnükli we açyk görnüşde hat ýazylsa, onda programmanyň wekilleri uly höwes bilen size jogap bererler.

Jessica Stahl VOA-da Sosial media redaktory. Ol şu blogy Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň websaýtynyň okyjylary üçin ýazdy.
XS
SM
MD
LG