Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Assadyň kontroly ýitirýänligini aýdýar


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad, goranmak ministri Daud Rajha (sagda) Damaskda, 6-njy oktýabr, 2011.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad, goranmak ministri Daud Rajha (sagda) Damaskda, 6-njy oktýabr, 2011.

Ak Tamyň beýannamasyna görä, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režiminiň azyndan üç sany ýokary derejeli resmisiniň ölümine sebäp bolan bomba partlamasy Assadyň “kontroly elden berýänligini” görkezýär.

Goranmak ministri Daud Rajha, onuň orunbasary Assef Şawkat we Assadyň režiminiň krizis toparynyň başlygy general Hasan Turkmani, döwlet habar serişdeleriniň aýtmagyna görä, hepdäniň çarşenbe güni heläk bolupdyrlar. Habar berlşine görä, içeri işler ministri Ibrahim Al-Şaar agyr ýaralanypdyr.

Şeýle-de Ak Tam öz beýannamasynda halkara jemgýetçiligini Assady häkimiýet başyndan çetleşdirmek planynyň daşynda jemlenmäge çagyrdy.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun hüjümi “berk ýazgarýanlygyny” aýtdy. Ban Ki-Mun we Arap Ligasynyň wekili Kofi Annan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşini Siriýa babatynda berk hereket etmäge çagyrdylar.

Hepdäniň penşenbe güni Howpsuzlyk Geňeşinde Günbataryň Siriýa babatynda berk sanksiýalary girizmek baradaky rezolýusiýasy boýunça ses berişlik geçirilýär. Hepdäniň çarşenbe gününe bellenen ses berişlik bomba partlamasy sebäpli bir gün yza tesdirilipdi.

Ban Ki-Mun hökümete we oppozisiýa zorlugy bes etdirmek üçin gyssagly hereketleriň talap edilýänligini aýtdy. Annan Howpsuzlyk Geňeşiniň konflikt boýunça netijeli hereket etmelidigini belledi.

Orsýet bilen Hytaýyň rezolýusiýany goldamajakdygy çak edilýär.

ABŞ-Orsýet telefon gepleşigi

Şeýle-de, Ak Tamyň aýtmagyna görä, prezident Barak Obama Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini ýagdaýy maslahat etmäge çagyrypdyr.

Hepdäniň çarşenbe güni Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň BMG-niň rezolýusiýasyna garşydygyny ýene-de mälim etdi we halkara sanksiýalaryň “rewolýusion hereket üçin açyk goldaw boljagyny” belledi.

Assadyň tarapyndaky howpsuzlyk güýçleri Damaskyň köçelerinde taýýarlyk derejesine geçirildi, snaýperler binalaryň üstündäki pozisiýalaryny eýelediler.

Paýtagtyň daşynda ençeme günläp dowam eden rehimsiz söweşlere garamazdan, Siriýanyň telewideniýesinde partlama barada habar berlensoň, jemgyýetde şatlykly çykyşlar hem boldy.

Partlamanyň jogapkärçiligini “Azat Siriýa” goşuny öz üstüne aldy. Siriýaly gozgalaňçylaryň ýolbaşçysy Riad al-Assad Türkiýede sözlän sözünde öz güýçleriniň bombany duşuşyklar üçin otagda gizlänligini habar berdi.

Siriýanyň oppozisiýasynyň Milli Geňeşiniň daşarky gatnaşyklar boýunça wekili Radwan Ziadeh “Roýter” agentligine Waşingtonda beren interwýusynda partlamany “Assadyň režiminiň soňunyň başlangyjy” diýip atlandyrdy.

Hepdäniň çarşenbe güni ABŞ Siriýanyň 29 resmisine we 6 sany kompaniýasyna garşy sanksiýalary girizdi we özüniň gara sanawynyň düzümini artdyrdy.
XS
SM
MD
LG