Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýörite internet-kafe owgan zenanlaryny dünýä birikdirýär


Owganystanyň paýtagty Kabulda ýörite aýallar üçin niýetlenen internet-kafe bolan “Säher Gül”.

Owganystanyň paýtagty Kabulda ýörite aýallar üçin niýetlenen internet-kafe bolan “Säher Gül”.

Owganystanyň paýtagty Kabulda ýörite aýallar üçin niýetlenen internet-kafe bolan “Säher Gül” kafesiniň gizlin bellik edilen gapysyndan her gün başy ýaglykly onlarça gyzlar içeri girýärler. Ondan gowrak noutbuklar, kitaphana hem-de amatly düşekler bilen üpjün edilen bu döwrebap kafe owgan aýallaryna erkekleriň nazaryndan uzakda okamaga we erkin duşuşmaga mümkinçilik döredýär.

Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa güýçleri “Talyban” režimini agdarandan soň, 11 ýyla golaý wagtdan bäri özleriniň hak-hukuklaryny goramak ugrunda uly päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolan aýallar üçin bu mümkinçiligiň gadyry başga.

"Goraghana öwrüldi"

Kafeniň döredijisi, proýektiň müdiri we “Ýaş zenanlar Öwrülişik üçin” atly owgan aktiwistler guramasynyň agzasy Humeýra Bagşynyň Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, bu ýer owgan aýallarynyň goraghanasyna öwrülipdir.

“Biz bu internet-kafeni biziň hyzmatlarymyzdan peýdalanmaga gelýän ýaş owgan gyzlarynyň we aýallarynyň bu ýerde özlerini arkaýyn we rahat duýmaklaryny üpjün etmek üçin döretdik. Olaryň hiç hili problema duş gelmän, öz işlerini göwnihoş edip biljekdiklerine kepil geçýäris” diýip, Bagşy aýtdy.

Bagşy kafeniň ýerli we daşary ýurtly haýyr-sahawatçylaryň kömekleri bilen ýola goýlandygyny aýdýar. Kafede müşderilerden sagadyna 50 owgany, ýagny 1 dollar alynýar, bu Kabulyň beýleki internet-kafelerinden göz-görtele arzan.

Ýagty reňkler bilen boýalan kafe, tenini satmagy ret edensoň, geçen ýyl adamsy we onuň garyndaşlary tarapyndan dönüklik etmekde günäkärlenip, türmä basylan 15 ýaşly owgan gelniniň adyny göterýär.

Şu ýylyň mart aýynda Halkara zenanlar gününe gabatlanyp açylan kafeniň dowamly müşderilerinden birem Kabul uniwersitetiniň studenti Marýam Nuranydyr. Ol bu kafe yzygiderli barmagynyň sebäbi barada gürrüň berdi.

“Säher Gül ejir çeken gyz bolup, ol köp kynçylyklary başyndan geçirdi we biz ony goldamak isleýäris. Şol sebäpli hem men hemişe Säher Gül kafesine gelýärin. Men beýleki raýonlarda hem şeýle internet-kafeleriň açylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýip, Nurany aýdýar.

Hak we hukuklar

Nuranynyň aýtmagyna görä, zenanlara niýetlenilip açylan bu kafeniň müşderileri öz erkinliklerinden peýdalanyp bilse-de, Owganystanda käbir maşgalabasyşlaryň ezýeti, mejbury durmuşa çykarylmalar we aýalyň öz janyna kast etmesi ýaly dürli kynçylyklardan ejir çekýän zenanlaram az däl.

Soňky onýyllykda aýallar owgan jemgyýetinde möhüm üstünlikleri gazandylar. “Talyban” režiminiň agdarylmagy zenanlar üçin täze mümkinçilikleriň gapysyny açdy. Millionlarça gyzlar gaýtadan mekdebe gatnap başladylar.

Aýallar ýurduň uly şäherlerinde dürli edaralarda işlemäge başladylar. Häzirki döwürde ýurtda onlarça aýallar parlamentiň agzasy hem-de senator bolup işleyärler. Şeýle hem häzirki wagtda bir welaýatyň häkimi hem aýal maşgala.

Birleşen Ştatlar hem-de NATO güýçleri 2014-nji ýylda Owganystandan yza çekilmäge taýýarlanýar, “Talybanlar” bilen parahatçylyk barada gepleşikler geçirilýär. Bu ýagdaý bolsa käbir zenanlary alada goýýar. Olar, esasanam, özleriniň täzelikde eýe bolan hak-hukuklaryndan mahrum edilmeklerinden howatyrlanýarlar.

“Talybanyň” döwründe aýallara işlemek, bilim almak, hat-da ýanynda erkek adam bolmasa, ýeke başyňa öýden çykmak hem gadagan edilipdi.
XS
SM
MD
LG