Sepleriň elýeterliligi

Grenlandiýadan ululygy 120 kwadrat kilometr buz bölegi aýryldy


Penşenbe güni amerikan alymlary demirgazyk Grenlandiýa buzluk adasyndan ululygy 120 kwadrat kilometre golaý buz böleginiň bölünip aýrylandygyny habar berdiler.

Alymlar munuň Ýeriň atmosferasynyň özgerýändigini gorkezýän bir alamat bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.

Amerikan alymlarynyň aýtmagyna görä, Grenlandiýa adasyndan bu uly buz böleginiň bölünip aýrylmagy şu hepde kosmos sputniginiň alan suratlary arkaly anyklanypdyr.
XS
SM
MD
LG