Sepleriň elýeterliligi

Kabul: owgan, pakistan we britan liderleri gepleşik geçirýär


Penşenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Kabulda Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kameron we Pakistanyň premýer-ministri Raja Perwez Aşraf bilen gepleşik geçirmekligi planlaşdyrýar.

Kabulda geçiriljek bu gepleşikde koalision güýçleriň Owganystany terk edýän bir wagtynda regiondaky howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmek meseleleri barada maslahat ediler diýlip garaşylýar.

Bu gepleşikler owgan-pakistan serhet ýakalarynda ýaragly hüjümleriň güýçlenen günlerine-de gabat geldi.

Kabuldaky gepleşikde Owganystanyň, Pakistanyň we Britaniýanyň liderleri Talyban söweşijileri bilen parahatçylyk gepleşiklerini ýola goýmaklygyň ugurlary barada-da maslahat ederler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG