Sepleriň elýeterliligi

Daglyk-Garabag regionynda prezidentlik saýlawlary geçirilýär


Penşenbe güni Azerbaýjanyň separatistik Daglyk-Garabag regionynda prezidentlik saýlawlary geçirilýär. Bu saýlawlarda ikinji möhlet prezidentlige dalaş edýän häzirki prezident Bako Sahakýan bilen ozalky goşun generaly Witaliý Balasanýan özara bäsleşýär.

Azerbaýjanyň hökümeti Ermenistanyň kontrollygynda ýerleşýän Daglyk-Garabag regionyndaky bu saýlawlary “bikanun” diýip atlandyrdy we oňa syn etmäge barjak islendik bir daşary ýurt raýatynyň “Azerbaýjanda islenilmeýän adam” diýlip yglan ediljekdigi barada duýduryş berdi.

Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Daglyk-Garabag regionynyň serhet ýakalarynda bolan ok atmalarda azerileriň we ermenileriň tarapynda jemi 10 adamyň ölendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG